Türkmen himikleri dünýä derejesinde ähmiýete eýe bolan açyş etdiler

Türkmen himikleri dünýä derejesinde ähmiýete eýe bolan açyş etdiler

Türkmen alymlary pagta çigidinden biologik antibakterial maddalary we birleşmeleri almagy başardylar diýip, Trend habar berýär.

Barlaghana gözlegleri we derňewleri olaryň zyýansyzlandyryş häsiýetleriniň bardygyny we howa-damja ýoly arkaly geçýän hem-de ýokançlyklary döredýän mikroorganizmlere hem-de aşgazan-içege ulgamynyň kesellerine täsir etmäge ukyplydygyny görkezdi. Şeýle hem, türkmen himikleri ýodomaly - ýerli çig maldan alnan täze elementi sintezlemegi başardylar.

Aýdylmagyna görä, bu antiseptigiň bedeniň öýjüklerine ýaramaz täsiri ýok. Şonuň üçin hem täze elementiň tapylmagyny özboluşly diýip atlandyryp bolar.Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezi tarapyndan geçirilen gözlegler ýodomalyň dünýäde täsirli antiseptik hökmünde giňden ulanylýan ýodinol bilen birmeňzeş häsiýetiniň bardygyny görkezdi.

Ýene degişli makalalar

Maryda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullygynyň häzirki zaman merkezi açyldy
Türkmen alymlary azyk biotehnologiýasy esasynda täze önümleri işläp taýýarlaýarlar
Daşary ýurtlardan lebap sementini satyn almaga barha köp isleg bildirýärler
Türkmenistanda biotehnologiýa pudagy üçin täze infrastruktura dörediler
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy
Balkan sement kärhanasynda ýokary hilli sement öndürilýär