B.Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň haly bölüminde okaýan okuwçylaryň türkmen halysynyň baýramy mynasybetli gurnan sergisi we onuň çäginde eden çykyşlary dabaraly ýagdaýda geçirildi.Bu duşuşykda mekdebiň mugallymlarynyň hem-de okuwçylarynyň halypa suratkeşler, ene-atalary bilen türkmen halysy dogrusynda alyp baran söhbetdeşlikleri örän täsirli geçdi.
Sergide haly bölüminiň okuwçylarynyň 3-nji hem-de 4-nji çärýegiň dowamynda “Ussatlyk tejribeligi” sapagynda ýerine ýetirilen “Garagum” atly gobelen eseri, şeýle-de çeken kompozisiýalary görkezildi.Mekdepde gobeleni toparlaýyn dokatmak bilen okuwçylara dokmaçylygyň öýdüme, çitim, göwrümli usul ýaly dürli tehnikasyny öwredilmäge, mundan daşary çagalaryň ussatlyk tejribeleriniň artdyrylmagyna badalga berlip, eseriň many-mazmuny, şekil teswiri, obraz çözgüdi dogrusynda pikirleriniň ösmegine uly ýardam edýär.