Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly edebi-filosofik eseriniň ýapon dilinde neşir edilmegi Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka öwrüldi diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, täze kitap Sukuba uniwersiteti tarapyndan ýapon diline terjime edildi. 2015-nji ýylyň martynda Ýaponiýada iş sapary wagtynda Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedowa bilim, ylmy barlaglary geçirmek ulgamynda özara alyşmalar boýunça halkara okuw maksatnamasyna ýardam berendigi üçin Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory diýen alymlyk derejesi berildi.

Geçen ýylyň sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitapda Ýaponiýa hakynda ençeme maglumatlaryň ýerleşdirilendigini, hususan-da, häzirki döwürdäki türkmen-ýapon gatnaşyklary barada bellenilip geçilýändigini aýtdy.

Ol many-mazmun taýdan täsirli bu eseri ýapon diline terjime etmek isleginiň bardygyny beýan edip, munuň iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.

Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabyň ýapon diline terjime edilmegi bilen, okyjylara halkyň umumadamzat ähmiýetli taryhy we baý medeniýeti, giň durmuş filosofiýasy, dünýägaraýşy, parasatly öwüt-ündewleri baradaky düşünjelerini giňeltmäge mümkinçilik döredildi. Bu bolsa, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berer.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň kitaby ýapon dilinde neşir edildi
Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Aşgabatda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti kabul edildi
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda russiýaly sirk artistleriniň gezelenç çykyşlary başlandy, Leýli Ökdirowa Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri festiwalynda çykyş eder we beýleki habarlar
Ýaponiýada ýerli we daşary ýurtly talyplara türkmen dili öwrediler
Türkmenistanyň we Gazagystanyň dil ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ynam bildirilýär