31-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy.
Ozal habar berlişi ýaly, düýn — 30-njy maýda Tähranda Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy.Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň meseleleriniň tutuş toplumy girizildi.
Geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň däp bolan dostlukly döwletara dialoga berk ygrarlydyklaryny görkezdi.Duşuşygyň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de resminamalar toplumyna gol çekildi, Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.
Jarnamada iki dostlukly goňşy ýurduň geljekde-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalary tassyklanylýar.
31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Mapna Group senagat toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy toplumyň ýolbaşçylary we wekilleri tüýs ýürekden mübärekläp, Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny beýan etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän toplumyň işi bilen giňişleýin tanyşdyryldy.
Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň barşynda döwletleri hem-de olaryň halklaryny hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigine üns çekildi. Üýtgewsiz erk-islege daýanýan gatnaşyklar özara ynanyşykly, deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine hem-de oňa täze kuwwat berjekdigine ynam bildirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş saparyny tamamlap, Tähranyň Mehrabad Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.