4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak we bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada aýdylyp, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň halkara giňişlige goşulyşmagyny ýola goýmak bilen baglanyşykly meseleler içgin öwrenilýär.
Munuň özi halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginde aýratyn ähmiýetlidir. Şol bir wagtyň özünde, ýer we suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak bilen baglanyşykly meseleleriň häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu ugra täzeçil tehnologiýalary, ylmyň gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmagyň ugurlarynyň öwrenilmeginiň wajypdygyny belledi.
Häzirki döwürde ylym-bilim ulgamynda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giňeldilýändigini, muňa iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda köpýyllyk özara bähbitli gatnaşyklaryň hem şaýatlyk edýändigini belläp, türk işewüri Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaga höwes bildirýän türkmen ýaşlary üçin has giň mümkinçilikleriň açylýandygyny aýtdy.