Hormatly Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylar!Eziz watandaşlar!Türkmen halky — nusgawy ösüş ýoluny emele getiren, beýik şahsyýetleri dünýä beren halk. Şu ýyl ýurdumyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi giňden bellenilip geçiler.
Beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat bilen, şeýle hem halkymyzyň isleg-arzuwlary göz öňünde tutulyp, 2024-nji ýyl Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edildi.
Magtymguly Pyragy öz ynsanperwer garaýyşlary bilen her bir ynsana, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýär.Bu gün Magtymgulynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işler örän möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli şu ýyl Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligini geçireris.
Magtymguly Pyragy türkmen halkyny beýgelden, abraý-mertebesini dünýäde belende göteren nusgawy şahyrdyr.Men öz ýazan goşgymda: Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,//Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy diýmek bilen, beýik şahyryň dünýä dolan şan-şöhratynyň, belentliginiň bu gün türkmen halkynyň taryhyny, at-abraýyny, medeni mirasyny hem beýgeldýändigine buýsanjymy beýan etdim.
Beýik akyldaryň arzuwlan berkarar döwletiň täze eýýamynda türkmen döwleti gün-günden kuwwatlanyp, dünýäde abraýly ornuny has-da pugtalandyrdy.Bu üstünliklere dana Magtymgulynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi bilen ýetildi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medalyny döretmek hakynda Kanuna hem gol çekdi. Bu başlangyçlary döredijilikli dowam etdirip, biz geljekde Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny kanun esasynda berkidip, ebedileşdirsek hem maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen ösýän, özgerýän, üýtgäp duran we täze wehimleriň ýüze çykýan häzirki şertlerinde ykdysady ösüşi üpjün etmek biziň uzak möhletleýin ösüş strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şunda oýlanyşykly ölçenen syýasy garaýyş, anyk maksatly kabul edilen dolandyryş çözgütleri, hasaplanylyp taýýarlanan meýilnamalar depginli ösüşiň esasy şertidir.
Ýurdumyzda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň ählisi üstünlikli durmuşa geçirildi.Geçen ýyl döwletiň kuwwatyny, halkyň parasadyny, abraý-şöhratyny, agzybirligini, maksatlaryň birligini görkezen şanly wakalara örän baý boldy. 2023-nji ýylda jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy.
Maýa goýum syýasaty hem üstünlikli amala aşyryldy. Önümçilik pudaklaryny, durmuş we hyzmatlar ulgamyny ösdürmäge köp möçberde serişdeler gönükdirildi.Iň ýokary amatlyklar döredilen Arkadag şäheri dabaraly açyldy.Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bu akylly şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna hem badalga berildi.
2023-nji ýylda depginli ösýän döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň birnäçe düzümlerine saýlandy, şeýle hem onlarça halkara resminamalar kabul edildi. Milli gymmatlyklarymyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawy has-da artdy.
Şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däplerine, hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik. Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň öňüsyrasynda Halk Maslahatynyň taryhy mejlisini geçirip, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasaty bilen bagly möhüm çözgütleri kabul etdik. Bäsleşik, açyklyk, aýdyňlyk esasynda Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny hem guramaçylykly geçirdik.
Hormatly adamlar!
Geçen ýyllarda gazanylan üstünlikleriň binýadynda Hökümetimiz tarapyndan Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen tassyklanyldy.
Şu ýerde biz bir zady berk bellemeli, ýagny Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady binýady tutulanda, her bir pudagyň, sebitiň, edara-kärhanalaryň görkezijileriniň jikme-jik seljerilip, hasaplanyp jemlenilmegi ýola goýuldy. Şeýle çemeleşilip toplanan maglumatlar gysga, orta we uzak geljegi öňünden görmek, takyk hasaplap, anyk çaklamak we meýilnamalaşdyrmak işiniň alnyp barylmagy üçin zerur şertleri emele getirdi. Şonuň netijesinde, ykdysadyýeti gurnamagyň, dolandyrmagyň, netijeliligi gazanmagyň oýlanyşykly tejribesi kemala geldi. 2024-nji ýyl üçin işlenen Maksatnama hem şeýle usullar bilen durmuşa geçirilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan ugur alnyp düzülendir.
Maksatnamanyň takyk hasaplamalara, ýetilen sepgitlere daýanmak bilen, maliýe, ykdysady taýdan, maýa goýumlaryň maksadalaýyklygy nukdaýnazaryndan esaslandyrylandygyny bellemek gerek.
Maksatnamada öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada belläp geçsek, olar şulardan ybaratdyr.
Birinjiden, ykdysady, senagat, önümçilik häsiýetli maksatlar;
Ilkinji nobatda, ýurduň içerki mümkinçiliklerini doly ulanmak bilen, döwletimiziň durnukly ösmegini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Önümçilik kärhanalarynyň kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, eksporty artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek esasy maksatlaryň hatarynda görkezilen.
Maýa goýumlaryň esasy ugurlarynda bolsa senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion kärhanalary, täze önümçilikleri döretmek, oba hojalygyny özgertmek we azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, gaýtadan işleýän ugurlary ösdürmek bellenen.
Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary we ýadawsyz aladasy netijesinde, gurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň ençemesi, şol sanda halkara, sebit ähmiýetli uly taslamalaryň onlarçasy bar. Şeýle hem geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdiriler.
Ikinjiden, söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin maksatlar;
Ykdysadyýetiň netijeli işlemegi, önüm öndürijileriň düşewüntli bolmagy, täze iş ýerleriniň döredilmegi, aýlyk zähmet haklarynyň we ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagy tölege ukyplylygyň ösmegine, bazarlarda harytlary sarp edijilik isleginiň ýokarlanmagyna, dürli hyzmatlardan peýdalanýanlaryň artmagyna getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň syýasatynda bu ugurlara hem uly üns berilýär. Şunda azyk önümlerine, ilatyň ilkinji sarp edýän harytlaryna ösýän islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, söwdany, ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlar ulgamyny ösdürmek esasy wezipeleriň biri bolup galýar.
Üçünjiden, Maksatnamanyň durmuş häsiýetli maksatlary;
Täze iş orunlarynyň döredilmegine we ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk üpjün edilmegine gönükdirilen çärelere uly üns berilýär. Maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, ulag we beýleki durmuş hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirilýär.
Dördünjiden, Maksatnamada ähli ugurlar boýunça amala aşyrylmaly işler, öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek esasy maksat edilip goýlan.
Hormatly adamlar, indi bolsa ýurdumyzyň içerki ösüşi bilen bagly käbir görkezijilere ünsüňizi çekmek isleýärin!
1. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar. Dünýäde bolup geçen ykdysady çökgünliklere garamazdan, jemi içerki önümiň ösüş depgini durnukly saklandy. 2009-njy ýyldan bäri ortaça 6 göterimden ýokary ösüş emele geldi. Soňky 15 ýylyň dowamynda jemi içerki önümiň möçberi 3,7 esse artdy.
2. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň görnüşleri barha artýar hem-de hil babatda dünýä ölçeglerine laýyk gelýär. Geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, 2023-nji ýylda öndürilen senagat önümleriniň möçberi 3 esseden gowrak köpeldi.
3. Içerki bazarda haryt üpjünçiligi doly kanagatlandyrylýar. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 2008-nji ýylda 16 million manat bolan bolsa, 2023-nji ýylda bu görkeziji 8,5 esse artyp, 140 million manada barabar boldy.
4. 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçirilip, 7 milliondan gowrak adam sany hasaba alyndy. Bu, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2 milliona golaý ilatyň artandygyny görkezýär. Demografik ösüş ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulanmagynyň hasabyna üpjün edildi.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Maksatnamanyň halk bähbitli belent maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly halk maslahatlarynyň, Mejlisiň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hökmünde biziň öňümizde hem uly wezipeler durýar.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tassyklan Maksatnamasynda ykdysady, maliýe, durmuş, önümçilik we beýleki wezipeler bilen bir hatarda, kanunçylyk ulgamyna degişli wezipeler hem öňde goýulýar. Bu ugurda ýerine ýetirmeli işlerimiziň möhüm ugurlary barada durup geçsek, olar şulardan ybaratdyr.
1) Ýurdumyzda maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goramagyň we goldamagyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek;
2) Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt bolup durýandygyny nazara alyp, bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek;
3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy hereket etmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek;
4) salgydy dolandyrmak, salgytlaryň ýygnalyşynyň hilini ýokarlandyrmak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek;
5) intellektual eýeçiligi goramak ulgamynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek;
6) bank amallaryny, töleg tabşyryklaryny kämilleşdirmekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri tehnologiýalar we kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrmak;
7) milli ykdysadyýetiň dünýä bazaryna goşulyşmagy üçin işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegi, bazar ykdysadyýetinde maliýeleşdirmegiň kadalaşdyryjy hukuk esasynyň dünýä tejribesine laýyk getirilmegi;
8) ylmy barlaglaryň depginini ýokarlandyrmak, emeli aňy düýpli we netijeli öwrenmek, ylym, önümçilik babatda işewürligiň hem-de täjirçiligiň täze usullaryny döretmek, ösdürmek, bu ugurda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak;
9) innowasiýa ulgamynyň netijeli işlemegi üçin kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak.
Hormatly Prezidiumyň mejlisine gatnaşyjylar!
Öňde goýlan wezipeler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň içeri we daşary syýasy başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan goldamak, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň gün tertibinde duran soraglar bilen bagly geçirmeli işlerimiz hem köp. Şunuň bilen baglylykda:
raýat-hukuk gatnaşyklary babatda kanunçylygy kämilleşdirmek, halkara hususy hukugynyň kadalaryny ornaşdyrmak, döwre görä emläk, eýeçilik, şertnama-hukuk, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak bilen bagly kanunçylygy kämilleşdirmek;
döwlet hyzmatlaryny sanly ulgamlar arkaly amala aşyrmak, hukuk kömegini bermek, telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak;
ykdysady işjeňligi üpjün etmek, ulag we logistika, dürli pudaklarda sanly hyzmatlary ösdürmek, kärhanalaryň işini, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek, gurluşyk işleriniň kadalaryny düzgünleşdirýän kanunçylygy kämilleşdirmek;
oba hojalyk önüm öndürijileri, tohumçylyk işini höweslendirmek, howanyň üýtgemegi, ekologiýa ýaly meselelere degişli kanunçylygy seljerip, degişli işleri geçirmek gerek.
Durmuş syýasaty barada aýdylanda, iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak, ýaşlary goldamak, saglygy goraýyş ýaly meselelere degişli kanunçylygy yzygiderli seljerip, degişli işleri geçirmek zerurdyr.
Durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň çäklerinde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermek işini ösdürmek, döwletiň her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky başlangyçlaryny, ägirt uly aladalaryny kanunçylyk taýdan berkitmek möhüm meseleleriň biridir.
Bu ugurda Hossarlyk we howandarlyk hakynda Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenen Hossarlyk we howandarlyk edaralary hakynda Düzgünnamanyň, Hossarlygy we howandarlygy amala aşyrmagyň tertibi hakynda Düzgünnamanyň döwrüň talabyna laýyk işlenip taýýarlanylmagynyň kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegi nukdaýnazardan uly ähmiýete eýedigine siziň ünsüňizi çekýärin.
Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem oňyn tejribe toplandygyny bellemek gerek.
Ösüp gelýän ýaşlarymyzy goramak, olary goldamak babatda kämillik ýaşyna ýetmedikleriň meseleleri bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmegiň wagtynyň gelendigini aýtmak isleýärin. Şu ýerde men türkmeniň mukaddes maşgala ojagynyň eýesi bolan enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belentde tutmak, olar barada döwletiň düýpli aladalaryny, kanuny bähbitlerini goramak ugrunda döredilýän şertleri, maşgalanyň goragyny we bitewüligini, çagalaryň iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmegiň döwrüň zerur talaplarynyň biridigine ünsüňizi çekýärin.
Döwlet adam üçindir! hem-de Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir! diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, netijeli durmuş-ykdysady syýasaty üstünlikli amala aşyrmak ýurdumyzyň strategik maksatlary bolup durýar. Umuman, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek biziň ählimiziň gündelik üns bermeli möhüm meselelerimiziň biridir.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi we jemgyýetçilik birleşikleri jemgyýetimizde täze syýasy, hukuk garaýyşlaryny hem-de medeniýetini kemala getirmek, milli döwletlilik ýörelgelerimizi ösdürmek, halkymyzy umumymilli maksatlaryň töwereginde jebisleşdirmek, agzybirligimizi pugtalandyrmak babatda wajyp işleri alyp barmaly.
Täze taryhy döwrüň belent maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki işleriň döredijilikli, anyk meýilnama esasynda dowam etdirilmegi örän ähmiýetli bolup durýar. Şeýle maksatlar bilen, Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem taýýarlanyldy.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Meýilnama laýyklykda, biz, ilkinji nobatda, kanun çykaryjylyk başlangyçlarymyza bolan hukugymyz esasynda kanunçylygy kämilleşdirmek işlerimizi guramaçylykly dowam etmeli. Şunuň bilen baglylykda:
birinjiden, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilýän iş toparlarynyň düzümine öňdebaryjy pikirleri, döwrebap teklipleri öňe sürmek üçin ökde, tejribeli hünärmenleri, bilermenleri giňden çekmeli we Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny, kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreleri görmeli;
ikinjiden, hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seljerme işlerini geçirmek, teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda deputatlardan, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat hukuk-bilermenler toparyny döretmeli;
üçünjiden, kanunlardan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň öz wagtynda işlenip taýýarlanylmagyny üpjün etmeli we degişli edaralar tarapyndan gözegçilik, usuly, amaly, maslahat beriş toparlaryny döretmeli, olaryň işini guramaly;
dördünjiden, kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri boýunça alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklaryny guramaly;
bäşinjiden, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli maksatnamalarynyň maksatlary we ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlary geçirmeli.
Alyp barýan işlerimiziň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmeli we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlislerinde ara alyp maslahatlaşmaly. Bu işleri geçirmek üçin Prezidiumyň mejlisiniň gün tertibine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde kabul edilen çözgütler, berlen tabşyryklar bilen öňde goýlan wezipeleri öz wagtynda durmuşa geçirmek boýunça soraglary işläp taýýarlamaly we girizmeli.
Olar:
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçmek;
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmek, maksatnamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaklaryny üpjün etmek;
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, her bir zähmetkeşi üstünlikli işlere ruhlandyrmak, ykdysadyýetiň hususy pudagyny we hyzmatlar bölegini ösdürmegiň, importyň ornuny tutýan önümçiligi goldamagyň hem-de gurluşyk işleriniň konsepsiýalaryny, eksport ugurly senagaty goldamagyň, şäherleri ösdürmegiň strategiýasynyň taýýarlanylmagyna işjeň gatnaşmak;
ýaşlar bilen işleşýän ýöriteleşdirilen guramalaryň işini güýçlendirmek;
ýurdumyzda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny, ylym ulgamyny ösdürmegiň Strategiýasyny işläp taýýarlamak;
täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek hem-de kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek babatda degişli işleri alyp barmak bilen baglydyr.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Döwletimiziň syýasatynda we durmuşa geçirilýän maksatnamalarda sebitleýin ösüş meselelerine, ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ösüşine hem-de mümkinçilikleriniň artmagyna, olara guramaçylyk, usuly taýdan kömek bermek işlerine uly üns berilýär. Şonuň üçin hem biziň esasy wezipelerimiziň hatarynda şu meseleler hem bar:
raýatlarymyzdan we edaralardan gelip gowuşýan tekliplere we ýüztutmalara garamak boýunça welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde duşuşyklary hem-de ýerli edaralar, guramalar bilen maslahatlary geçirmegi netijeli alyp barmaly;
ýurdumyzyň oba zähmetkeşleri bilen meýdan şertlerinde duşuşyklary geçirmeli, alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen tanyşmaly, olaryň armasyny ýetirmek çärelerini geçirmeli;
welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna, Geňeşlere kanunçylyk babatda guramaçylyk we usuly taýdan kömek bermek işlerini kämilleşdirmeli, olar bilen amaly-usuly maslahatlary geçirmeli;
obalaryň we şäherleriň ýaşaýjylaryna kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmeli, adamlaryň isleg-arzuwlaryny, zerurlyklaryny öwrenmeli we ýerli döwlet edaralary bilen bilelikde durmuş-ykdysady wezipeleriň hem-de ilatyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna degişli meseleleriň çözülmegine, raýatlaryň ýüztutmalary boýunça kabul edişliklere ýakyndan gatnaşmaly;
Türkmenistanyň Prezidentiniň beren tabşyryklaryny, öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek, kanunçylygyň dürli ugurlaryna degişli teklipleri öwrenmek maksady bilen, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň jogapkär wekilleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň we Mejlisiň komitetleriniň göçme maslahatlaryny geçirmeli.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Ilatymyzy döredijilikli işlere has-da ruhlandyrmak, durmuşa geçirilýän taryhy işleriň daşynda jebisleşdirmek, Watanymyzyň gazanan üstünliklerini giňden wagyz-nesihat etmek alyp barjak işlerimiziň meýilnamasynda esasy wezipe hökmünde kesgitlenilmeli. Şunda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän taryhy başlangyçlarynyň, halk bähbitli işleriň, kabul edilen resminamalaryň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklary, maslahatlary geçirmek bilen, halky olar barada gyzgyny bilen habarly etmeli, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde täsirli çykyşlary guramaly; jemgyýetde kanunlaryň hökmürowanlygyny, adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, hukuk medeniýetini ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini, adamlaryň halal zähmet çekmegi, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin döwletimiz tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikleri, milli medeniýetimizi, maşgala gymmatlyklaryny, däp-dessurlarymyzy, jemgyýetçilik ahlagyny wagyz-nesihat etmek işlerini hem dowam etdirmeli.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan tassyklanan Maksatnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça 2024-nji ýylda bilelikde ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasy Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda siziň alyp barmaly işleriňiziň özenini düzer.
Biziň alyp barýan işlerimizde diňe bir ykdysady ösüşi üpjün etmek däl-de, eýsem, ösüşiň uzak möhletleýin we durnukly depgininiň saklanylmagy hem möhüm wezipe bolup durýar.Täze döwrüň ykdysady ösüş nusgasy bolsa, ilkinji nobatda, işewürlik gurşawyny döretmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak bilen, hususy maýa goýumlaryň köpelmeginde jemlenendir.
Biz geljekde hukuk ulgamynyň işewürlik üçin özüne çekijiligini üpjün etmeli.
Eziz watandaşlar, mähriban halkym!
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabynda şeýle ajaýyp jümleler bar: Owal-ahyr hemişelik badalgamyz Watandyr. Şeýle hem onda: Döwlet sarsmaz, tükenmez uly güýçdür. Biz döwletimiziň güýjünden güýç alýarys. Döwletimiziň ady bilen buýsanýarys, abraýy bilen beýgelýäris diýlip, parasatlylyk bilen Watanyň gymmatlygyna üns çekilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde halkymyz bilen bilelikde tutanýerli zähmet çekip, 2024-nji ýylda bellenen sepgitlere, maksatlara ýetiljekdigine berk ynanýandygyny buýsanç bilen belledi.
Biziň ählimiziň iň esasy maksadymyz jandan eziz görýän Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barmakdan ybaratdyr. Şoňa görä-de, mukaddes Watanymyzy beýgeldýän beýik başlangyçlary wagyz etmek, halkymyzy bu işlere ruhlandyrmak borjumyzdyr.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Görşüňiz ýaly, täze taryhy döwürde durmuş-ykdysady maksatnamalar bilen kesgitlenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak, durmuşa geçirilýän beýik işleri giňden wagyz etmek boýunça öňümizde uly wezipeler durýar. Biz siziň bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny doly goldamak bilen, 2024-nji ýylda öňümizde durýan wezipeleri anyk kesgitledik.
Ýurdumyzda demokratik, hukuk, dünýewi döwlet, ynsanperwer, adalatly jemgyýet has-da berkeýär.Adam hukuklaryny, azatlyklaryny, bähbitlerini mundan beýläk-de üpjün etmek, goramak barada häkimiýet düzümleriniň işleri barha kämilleşýär.Türkmenistan demokratiýanyň, kanunlaryň rüstemliginiň, raýat agzybirliginiň we bitewüliginiň mizemez ýörelgeleriniň esasynda ösýär.
Biz bu işleri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda täze görnüşde, has ýokary derejede alyp baryp, geçmişiň beýikligine, şu günüň haýran galdyryjy üstünliklerine daýanmak, geljegiň röwşen gözýetimine nazar salmak arkaly ýurdumyzyň täze belentliklere tarap okgunly öňe gitmegini üpjün ederis.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Şu gün biz mejlisde göz öňünde tutulan ähli meselelere seretdik. Siziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän işlere mynasyp goşant goşjakdygyňyza uly ynam bildirýärin.
Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz agzybirlik, asudalyk, abadançylyk ýoly bilen mundan beýläk-de gülläp össün! Goý, Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen dostluga we hyzmatdaşlyga açyk eziz Watanymyzyň dünýädäki şan-şöhraty has-da belende galsyn!
Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi