Hormatly Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Gadyrly myhmanlar!
Hanymlar we jenaplar!
Milli demokratik däplerimize, aýanlyk, adalatlylyk, döwletlilik, kanunylyk we jemgyýetçilik pikirini nazara almak tejribämize esaslanyp, döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli soraglary halk bilen maslahatlaşyp çözmekde toplan milli tejribämizden ugur alyp, biz şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirýäris.
Bu wekilçilikli mejlisiň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň bähbidine öňde duran örän möhüm soraglary maslahatlaşyp, anyk wezipeleri kesgitlemekde uly ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Türkmen halkynyň garaşsyzlyk we döwletlilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik düşünjeleri gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Bu düşünjeler biziň günlerimizde halklaryň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýän milli we umumadamzat ähmiýetli taglymatlara öwrüldi. Milli bitewüligi emele getirip, döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny düzdi.
Biz, nesip bolsa, geljek ýyl dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede giňden belläp geçeris.Bu gün ykbalyny halkyň ykbaly bilen mäkäm baglan şahyryň arzuw eden zamany geldi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bagtyýarlygyň we agzybirligiň, ösüşleriň ýurduna öwrüldi.Bu barada men Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy atly goşgymda hem belläp geçdim.
Biziň beýik ýeňişlerimiziň we üstünliklerimiziň, döwletimiziň barha artýan halkara abraýynyň esasynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygy durýar. Garaşsyzlyk bize döretmäge kuwwat, gurmaga güýç, рarahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmaga egsilmez ylham berýär.
Eziz watandaşlar!
Türkmen halky döwlet gurujy halkdyr. Biz döwlet gurmak babatda merdana ata-babalarymyzyň wesýetlerine eýerip, ösüşiň milli nusgasyny saýlap aldyk. Halkymyzyň agzybirligine, ukyp-başarnygyna, parahatçylyk söýüjilik däplerine daýanyp, özygtyýarly döwleti döretdik.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halk häkimiýeti berkarar edilen döwletdir. Häzirki döwürde şöhratly pederlerimiziň halk häkimiýeti baradaky däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Şu ýyl ýurdumyzda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizi depginli ösdürmek maksady bilen, halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretdik.
Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabymda belleýşim ýaly, Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan maslahat sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr.
Biziň ösüş nusgamyz — häzirki ählumumylaşma döwründe ýüze çykýan soraglary çözmegiň netijeli ýoludyr. Milli agzybirligimiz, kanunlaryň hökmürowanlygy, häkimiýet edaralarynyň we dolandyryş ulgamynyň netijeli bolmagy, jemgyýetçilik pikiriniň ileri tutulmagy biziň saýlap alan ýolumyzyň kesgitleýji aýratynlygydyr.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Döwür öňümizde täze-täze wezipeleri goýýar. Biziň döwleti we jemgyýeti ösdürmekde milli nusgamyz döwlet syýasatynyň binýatlyk esaslaryny düzýär. Men Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy agzybirligimizi hem-de watançylygymyzy, parahatçylyga, dostluga ygrarlylygymyzy, Watanyň, il-günüň öňündäki jogapkärçiligimizi döwletimizidir jemgyýetimizi kämilleşdirmegiň esasy hem-de täze eýýamyň biri-biriniň üstüni doldurýan, özara baglanyşykly bitewi taglymaty hasap edýärin.
Eziz watandaşlar!
Halk bilen häkimiýetiň mizemez jebisligi biziň ähli işlerimizi rowaçlandyrýan güýçdür.Biziň bu ugurda gazanan üstünliklerimiz kanunlaryň berjaý edilmegine esaslanýar.Esasy Kanunymyzda halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşy hökmünde ykrar edilýär.
Halkyň öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýandygy nygtalýar.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem esasy wezipeleri halk bilen häkimiýeti jebisleşdiriji güýç hökmünde häkimiýet edaralarynyň ählisini il-ýurt bähbitli işlerde jemlemäge gönükdirilendir.
Sebäbi Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ösüş nusgasynda döwletimiziň syýasy taýdan durnukly, ykdysady taýdan kuwwatly, raýatlaryň durmuş taýdan goragly bolmagy esasy maksat edilip goýlandyr.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde biz döwleti dolandyrmagyň ygtybarly, demokratiýa we hukuga esaslanýan nusgasyny döredip, jemgyýetimiziň her bir wekiliniň erk-islegini beýan etmeginiň netijeli ulgamyny kemala getirdik. Bu ugurda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny tapgyrlaýyn kämilleşdirmegiň ýolunda:
birinjiden, döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, ýerli wekilçilikli we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň guramaçylyk hem-de üpjünçilik mümkinçiliklerini has-da artdyrdyk;
ikinjiden, ýörite bilimli, ukyp-başarnykly ýolbaşçylaryň we gullukçylaryň täze neslini taýýarlap, döwlet dolandyryş ulgamynyň işgärler düzümini kämilleşdirdik;
üçünjiden, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny senagatlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak bilen, döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine döwrebap usullary ornaşdyrdyk;
dördünjiden, parahatçylygyň we ylalaşygyň, durnukly ösüşiň aýrylmaz hem-de kesgitleýji şerti hökmünde döwletimiziň hukuk binýadyny, raýat jemgyýetiniň institutlaryny tapgyrlaýyn berkitdik.
Gadymdan gelýän demokratik ýolumyza we ynsanperwer taglymatymyza laýyklykda, döwletimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň özara baglanyşygyny üpjün edip, jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk taýdan ähli mümkinçilikleri döretdik. Bu mümkinçilikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýär. Ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik gurluşynyň örän oýlanyşykly hem-de sazlaşykly dolandyrylmagyna, giň gerimli özgertmelerimiziň işjeňleşmegine ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet dolandyryş ulgamyny institusional we hukuk taýdan kämilleşdirmek babatda öňe sürýän başlangyçlary bolsa ösüşiň täze tapgyryna ynamly gadam basmaga mümkinçilik berýär. Bularyň ählisi halkymyzy beýik işlere galkyndyrýar!
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Eziz watandaşlar!
Geçen 32 ýylda biz amala aşyran işlerimiz netijesinde halk bilen häkimiýetiň, döwlet bilen raýatyň arasynda örän mäkäm we synmaz gatnaşyklary — milli bähbitlerimiziň bitewüligini üpjün etdik. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň ösüş nusgasynyň düýpli aýratynlygydyr.
Ýurdumyzyň durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetiniň edaralaryny kemala getirmek we olaryň üstünlikli işlemegini ýola goýmak işlerini netijeli amala aşyrýarys. Şol işlerde halk häkimiýetiniň gadymy däpleri, ata-babalarymyzyň döwlet gurmakdaky baý tejribesi bilen birlikde, üçünji müňýyllygyň dünýä tejribesine hem daýanýarys. Şeýdip, biz täze taryhy döwrüň öňe sürýän wezipelerini çözmekde häkimiýetiň gözbaşy bolan halk köpçüliginiň ornuny has-da ýokarlandyrýarys.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Halk häkimiýetiniň döwrebap guralmagy, ilkinji nobatda, kämil saýlaw ulgamy bilen berk baglydyr. Şu ýylyň 26-njy martynda erkin bäsdeşlik, açyklyk, pikir we söz azatlygy boýunça hakyky demokratiýa esaslanyp geçirilen saýlawlaryň netijesinde, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň täze düzüminiň saýlanmagyna biz demokratiýanyň ýokary derejede ýüze çykmasy hökmünde garaýarys.
Bu saýlawlar syýasy ulgamyň kämilleşýändigini, raýatlaryň aň-düşünjesiniň, jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň artýandygyny hem-de halk häkimiýetiniň berkeýändigini görkezdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň birinji maslahatyna gatnaşyp, ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek bilen bagly wezipeleri kesgitlemegi biziň başlangyçlarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Täze taryhy döwürde biz döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň işini il-ýurt bähbitli tagallalara gönükdirýäris.Wekilçilikli edaralara hukuk we usuly taýdan goldaw berýäris.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleriniň, deputatlaryň gatnaşmagynda döwlet ähmiýetli möhüm soraglary ara alyp maslahatlaşýarys.
Türkmeniň täze taryhynda indiki wezipämiz eziz Watanymyzy mundan beýlägem gülledip ösdürmekden ybaratdyr.Bu wezipäni Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerimizi has-da berkitmek, halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmak arkaly amala aşyryp bileris.
Ine, hut şu işlerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny uludyr.
Halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň ulgamynda halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möhüm orny bardyr. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň jemgyýetimiziň agzybirligini üpjün etmäge mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ak ýürekden yhlasly zähmet çekip, bu mukaddes işe mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.
Hormatly adamlar!
Türkmen halkynyň terbiýe mekdebi müňýyllyklaryň dowamynda kemala geldi. Şoňa görä-de, biz nesil terbiýesine, pähim-parasatly ýaşulularymyzyň, eziz enelerimiziň bu ugurdaky hyzmatyna uly ähmiýet berýäris. Şonuň üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanynda Ýaşulular geňeşini döretdik.
Ýaşulular agzybirligimizi pugtalandyrmakda, milli bitewüligimizi berkitmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde ýakyn maslahatçylardyr.Eziz Watanymyzy ýürekden söýmegi, ata-enä hormat goýmagy, halal ýaşamagy ündeýän ýaşuly nesillerimize hormatymyz örän uludyr. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi häzirki döwürde döwlet bilen halkyň jebisligini, ösüş ýollaryna garaýyşlarynyň bitewüligini berkidýän esasy syýasy-jemgyýetçilik güýç hökmünde ornuny pugtalandyrýar.
Biziň durmuşa geçirýän bu işlerimiziň ählisi döwletimiziň, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan syýasatyny goldamaga, amala aşyrylýan özgertmeleriň netijeliligini artdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Eziz watandaşlar!
Ýaşlar baradaky döwlet syýasatymyz ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny, döwlet kepilliklerini üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar.
Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirilip, şu ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyryldy. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup kemala gelmekleri döwlet derejesinde hemişe aýratyn ähmiýet berilýän sorag bolmagynda galýar.
Bu barada Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada geçiren umumy sapagymda hem giňişleýin durup geçdim.
Adamzat taryhynyň bütin dowamynda türkmenleriň döwlet döretmekde we dolandyrmakda, adalatly jemgyýeti gurmakda toplan baý tejribesi hakynda gürrüň etdim.
Men Watanymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr!
Hormatly adamlar!
Biziň ähli ösüşlerimiz dünýäniň tehnologik özgertmeleri bilen utgaşykly dowam etmelidir. Aýratyn hem, hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetimizi innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe sürýän garaýyşlary, kabul edýän çözgütleri netijesinde durmuşymyz barha gözelleşmelidir. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty, tebigy baýlyklary, adam mümkinçilikleri bu maksada ýetmäge gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy we beýleki maksatnamalar esasynda döwletimiziň ykdysady kuwwaty barha artýar.
Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy, iş üpjünçiligi, ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar, täze şäherdir obalar gurulýar.Bularyň ählisi nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek barada edilýän örän uly aladadan nyşandyr.Halkymyzyň agzybirligini, ýurtda milli bitewüligi we jebisligi pugtalandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak işlerdir.
Eziz watandaşlar!
Häzirki wagtda döwlet dolandyryş işini döwrüň talaplaryna laýyk guramak döwlet gullukçylaryndan ýokary ussatlygy we ukyp-başarnygy talap edýär. Bu iş berk binýada esaslanýar we yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwrebap binasynyň ulanmaga berilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biziň milli ykdysady nusgamyzda öňe sürýän baş wezipelerimiziň ýene-de biri azyk howpsuzlygyny üpjün etmekdir. Şu maksat bilen, oba hojalygynyň ykdysady netijeliligi we düşewüntliligi ýokarlandyrylýar. Gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylyp, galyndysyz tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Azyk howpsuzlygynyň gazanylmagy ilatyň uzak ömrüniň we ýokary hilli ýaşaýşynyň möhüm esaslaryny emele getirmäge oňyn täsir edýär.
Suw serişdelerini aýawly saklamak we tygşytly peýdalanmak boýunça hem ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.Suwy tygşytly peýdalanmagyň we suwarymly ýerleri ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň usullary ylmy esasda öwrenilip, önümçilige ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda ýaşyl ykdysadyýetiň ösdürilmegine hem-de onuň geljegine uly orun berilýär.
Halkara ekologik talaplara laýyk gelýän zawod-fabrikler gurulýar. Şular bilen birlikde, Aşgabat şäherini, welaýatlarymyzy, etraplarymyzydyr obalarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Eziz watandaşlar!
Şu ýylyň 29-njy iýunynda gadymy Ahal topragynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry ulanmaga berildi. Ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we maýa goýum kuwwatyny görkezýän geljegiň şäheri adam hakyndaky aladanyň netijesinde ýaşaýyş üçin iň amatly gurşawyň döredilýändigi bilen aýratyn ähmiýetlidir.
Hormatly Prezidentimiziň wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar diýip bellemegi raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýändigini ýene-de bir gezek görkezýär.
Hormatly adamlar!
Halkyň ýaşaýyş derejesi şähergurluşyk işi bilen berk baglydyr.Bu ugurda ýurdumyzda zerur kanunçylyk binýady döredildi.Kabul eden kanunlarymyz adamyň talabalaýyk ýaşaýyş jaýynyň bolmagy we durmuş gurşawynyň emele getirilmegi, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegi bilen bagly durmuşa geçirýän işlerimizi mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda şäherleri ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamak zerur diýip hasap edýäris.
Bu strategiýa täze eýýamda baş maksadymyza ýetmekde — halkymyzyň hal-ýagdaýyny dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine çykarmakda ýene-de bir möhüm ädim bolar.
Eziz watandaşlar!
Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýolumyza eýermek bilen, biz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretdik.Gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar.
Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi.Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris.Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar.Sebäbi halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar durmuşynyň hem berk binýadydyr.
Hormatly mejlise gatnaşyjylar!
Biz öňümizde belent wezipeleri goýduk. Yhlas bilen başyna barlan işler bolsa bitmän galmaz. Şoňa görä-de, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň abadançylygy üçin egsilmez gujur-gaýratymyza we synmaz erkimize daýanyp, öňküden-de jebisleşip, yhlasly, tutanýerli zähmet çekmelidiris!
Eziz watandaşlar!
Biz diňe halk bilen beýik işleri we belent wezipeleri amala aşyrmalydyrys!
Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi