Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy

Hormatly mejlise gatnaşyjylar!

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy hormatly Binali Ýyldyrym!

Budapeşt şäherinde bildirilen myhmansöýerlik hem-de mejlisiň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Geňeşiň

Wengriýadan agzasy Atilla Tilkä minnetdarlygymy bildirýärin.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň abraýynyň ýylsaýyn artmagynda, Geňeşiň başlygy

Binali Ýyldyrymyň uly goşandyny bellemek isleýärin.

Türki dilli ýurtlaryň döwlet Baştutanlary hemişe möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýärler. Şundan ugur

alyp, biz hem bilelikde halk diplomatiýasyny öňe sürmelidiris. Bu diplomatiýanyň özeninde abadançylyk,

parahatçylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri durýar. Iň esasysy bolsa,

parahatçylyk filosofiýasyny ilerledip, ýurtlarymyzyň Liderileriniň öňe sürýän bu syýasatyny durmuşa

geçirmelidiris.

Bilşiňiz ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtdur. Bu ugurda hyzmatdaşlygymyzy

diwersifikasiýa ýoly bilen alyp barmagy dowam ederis. Bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde

öňde durýan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin Geňeşiň agzalary bolup döwlet Baştutanlarymyza anyk

teklipler bilen ýüzlensek we bu teklipleri durmuşa geçirsek maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.

Söwda-ykdysady ugurda entäk ulanylmadyk mümkinçiliklerimiz bar. Bu mümkinçilikleriň amala

aşyrylmagynda Geňeşiň agzalary uly orun eýelemelidir.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýylanda bolsa, ýazyjy-şahyrlarymyzyň edebi mirasy, milli

aýdym-saz sungatymyz şu güne çenli bizi has-da ýakynlaşdyryp gelipdir. Biz pursatdan peýdalanyp,

Geňeşiň ähli agzalaryna hem-de doganlarymyza bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ýardam berýändikleri üçin

tüýs ýürekden minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Aksakgallar geňeşiniň mejlisi şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirildi. Bu mejlis Oraza aýyna gabat

geldi. Biz bilelikde, bir saçagyň başynda ýagşy işleriň rowaç bolmagyny dileg etdik. Görşüňiz ýaly, şu

ýylyň dowamynda hem gowy netijeleri gazandyk. Musulmançylygyň däp-dessurlaryna, Ula hormat,

kiçä sylag diýlen pähime eýerilmelidir.

Hormatly Geňeşiň agzalary!

Siziň ak pataňyz bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny belläp geçdik. Siziň

goldamagyňyz bilen şu ýyl Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly, Änew

şäheri bolsa Türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Taryha ser salsak Änew şäheri 7-12-nji

asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherleriň biri bolupdyr.

Bu şanly wakalar mynasybetli türki döwletleriň gatnaşmagynda birnäçe halkara çäreler ýokary derejede

geçirildi. Munuň üçin size minnetdarlygymy bildirýärin. Biz bu hyzmatdaşlygymyzy mundan beýläk-de

dowam etmelidiris.

Hormatly Geňeşiň agzalary!

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler

Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

diýlip yglan edildi. Bu başlangyjy türki dünýäsiniň ýurtlary ilkinjileriň hatarynda goldadylar. Şeýle hem

ýaňy ýakynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa parahatçylyk, ynanyşmak we

hyzmatdaşlyk zolagy atly kararnama kabul edildi.

Geljek ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna 30 ýyl dolýar. Türki Döwletleriň Guramasynyň

Aksakgallar geňeşiniň mejlisi ýylda iki gezek geçirilýär. Halkymyzda toýlar goşa-goşadan gelýär diýlen

ajaýyp pähim bar. Eger-de siz goldasaňyz, Geňeşiň geljek ýyldaky soňky mejlisini ýurdumyzyň

Bitaraplygynyň ýubileý baýramyna gabatlap Aşgabatda geçirmegi teklip edýärin. Munuň özi

Türkmenistan üçin hormatyň nyşany bolar.

Halkymyzda Muhammet Pygamberiň ýaşyna 63 ýaşa ýeten adamlar hormatly ýaşuly diýlip

atlandyrylýar. Şoňa görä-de, makullasaňyz, geljekde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşini

Ýaşulular Geňeşi diýip atlandyrsak maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Şu nukdaýnazardan ugur alyp,

geliň, biz Geňeşiň Hormatly il ýaşuly diýen sylagyny hem-de nyşanyny döredeliň.

Şunuň bilen birlikde, Geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň alyp barýan netijeli işlerini bellemek isleýärin.

Biziň Geňeşimiz halkara derejesindäki Gurama diýlip ykrar edilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin.

Şu günki günüň siwilizasiýasyny ýaş nesiller geçirmegi möhüm mesele hökmünde görýärin. Şunuň bilen

baglylykda, Geňeşimiziň gazetini ýa-da žurnalyny, internet saýtyny döretmegi teklip edýärin.

Men sözümiň şu ýerinde Zaman gazeti barada bellemek isleýärin. Biz bu gazeti 1991-nji ýylda türk

doganlarymyz bilen bilelikde Türkmenistanda çap edip başladyk. Gazet ýurdumyzda häzirki güne çap

edilip gelinýär.

Men çykyşymyň dowamynda akyldar şahyr Magtymguly Pyragy barada belläp geçdim. Biz ýaňy-ýakynda

akyldar şahyryň adyny göterýän medeni seýilgäh toplumyny gurduk. Bu seýilgähde türki dünýäsiniň

ýazyjy-şahyrlarynyň heýkelleri hem oturdyldy. Şolaryň hatarynda türk halkynyň söz ussady Ýunus Emre,

özbek şahyry Alyşir Nowaýy, gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow, wenger halkynyň milli şahyry Şandor

Petefiniň heýkelleriniň bardygyny, gazak halkynyň filosof şahyry Abaý Kunanbaýewiň hem heýkeliniň

Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde oturdylandygyny bellemek isleýärin. Munuň özi halklarymyzyň

arasyndaky dostlugyň we doganlygyň nyşanydyr.

Şu ýerde ýene bir zady bellemek isleýärin. Türkmenistan 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan

soňra, latyn elipbiýine geçdi we şondan bäri hem bu elipbiýi ulanylyp gelinýär.

Sözümiň ahyrynda, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň hem-de onuň Aksakgallar Geňeşiniň

hem-de Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň öňe sürýän başlangyçlaryny hemişe goldajakdygyma

ynandyrmak isleýärin.

Siziň ähliňize alyp barýan işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Üns berip diňläniňiz üçin köp sag boluň!

Ýene degişli makalalar

BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumy açyldy
Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi maksat edinýär
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi
DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Türki Döwletleriň Geňeşiniň Maslahaty