TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA UGRADY

TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA UGRADY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugrady.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän ýurdy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Birnäçe sagatdan soňra, Milli Liderimiziň uçary Berlin şäheriniň Berlin Brandenburg Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Şeýle hem howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli mübäreklediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.

Ýene degişli makalalar

Putin gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýannama berdi
“Borussiýa Dortmund” derwezesini Berkden berk gorap bilmedi
15-nji oýunçyny hem transfer etdi
Germaniýada Ýaş Ilatyň Sany Azalýar
Jeep ABŞ-nyň iň watanperwer brendi diýlip atlandyryldy
Apple dünýäniň iň gymmat brendleriniň sanawynda birinji orny eýeledi
Apple iň gymmat brend derejesini gaýdyp aldy