Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini "Ýaşulular Geňeşi" diýip atlandyrmagy we sylagyny döretmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini "Ýaşulular Geňeşi" diýip atlandyrmagy we sylagyny döretmegi teklip etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýa iş saparyny amala aşyryp, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar Geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Budapeştde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň barşynda çuň many-mazmunly çykyş etdi. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda birnäçe teklipleri, şol sanda TDG-niň Aksakgallar Geňeşiniň adyny üýtgetmek, onuň Hormatly il ýaşulusy diýen sylagyny hem-de nyşanyny döretmek baradaky teklipleri öňe sürdi.

"Halkymyzda Muhammet pygamberiň ýaşyna 63 ýaşa ýeten adamlar hormatly ýaşuly diýlip atlandyrylýar. Şoňa görä-de, makullasaňyz, geljekde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşini "Ýaşulular Geňeşi" diýip atlandyrsak maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, geliň, biz Geňeşiň Hormatly il ýaşulusy diýen sylagyny hem-de nyşanyny döredeliň.

Şunuň bilen birlikde, Geňeşiň başlygy Binali Ýyldyrymyň alyp barýan netijeli işlerini bellemek isleýärin. Biziň Geňeşimiz halkara derejesindäki gurama diýlip ykrar edilse, maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynda aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
TDG-niň Aksakgallar geňeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde boljak mejlise çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçiriljek 16-njy mejlisine gatnaşmaga çagyryldy
Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG- nyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmaga çagyryldy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 2025-nji ýyldaky ikinji mejlisini Türkmenistanda geçirmegi teklip etdi