Türkmen halkynyň Milli Lideri täze kitabyny ýazyp tamamlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze kitabyny ýazyp tamamlady

Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolandygyny aýtdy. Milli Lider kän oýlanyp, türkmen halkynyň şöhratly taryhy hakynda toplan ençeme maglumatlaryny kagyza geçirip, täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny nygtap, oňa “Hakyda göwheri” diýip at goýandygyny habar berdi.

"Kitabyň many-mazmuny hakynda aýtsam, onda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary beýan etdim" diýip, alym Arkadag ýurduň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, taryhy özgerişleri başdan geçirýändigini, haýsy döwri alsaňam, türkmen medeniýetiniň özüniň milli gymmatlyklary bilen dünýä ýaň salandygyny, olaryň dünýäniň taryhynda uly orun alandygyny aýratyn nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze ýazan Hakyda göwheri atly kitabynyň ilkinji nusgasyny ele alandygyny, ýakyn günlerde bu kitabyň neşir edilip, giň halk köpçüligine ýetiriljekdigini aýtdy.

Iş maslahatyna gatnaşyjylar Halk Maslahatynyň Başlygyny döreden täze eseri bilen gutladylar we ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda neşir edilen Hakyda göwheri atly täze kitabynyň ilkinji nusgasyny sowgat hökmünde Türkmenistanyň Prezidentine iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk ylmy-barlag institutlarynda alnyp barylýan ylmy işler bilen gyzyklandy
Halk Maslahatynyň Başlygy iş maslahatyny geçirdi
Gahryman Arkadagymyz Hakyda göwheri atly kitabyny ýazyp tamamlady
Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly atlandyrmaga we nyşanyny kesgitlemäge bagyşlanan maslahat geçirildi
Halk Maslahatynyň Başlygy “Arçman” şypahanasyna bardy