25-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Mejlisiň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
TDH-nyň habar berşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri döwlet we halkara derejedäki dürli çäreleriň, toý-baýramlaryň giňden bellenilip geçilýändigini, sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilendigini, ýakynda bolsa dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berlen, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumyň guralandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu çärelere taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk tarapdan köp işleri alyp bardy diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi hem-de Halk Maslahatynyň mejlisine we halkara çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, 1-nji noýabrdan zähmet rugsadynyň öwezini dolmak barada hormatly Prezidente ýüzlendi.
Döwlet Baştutany Gahryman Arkadagyň şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni goldady.