Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Mekge şäherindäki Al-Haram metjidinde Juma namazyny okady.Gahryman Arkadagymyz bilen birlikde Juma namazyna duran türkmen wekiliýeti hem-de dindarlar ýagşy doga-dilegleri etdiler.
Olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap, hemişe parahatçylygyň, agzybirligiň höküm sürmegini dileg etdiler.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Mekge şäherinde Gurbanlyk sadakasyny berdi.Bu sadaka sapar bilen gelen türkmen wekiliýeti, şeýle-de häzirki wagtda mukaddes Käbede hormatly Prezidentimiziň ýakyndan ýardam bermeginde Haj parzyny berjaý edip ýören ildeşlerimiz we ýerli dindarlar, arap doganlarymyz gatnaşdylar.
Sadakada tebärek çykyldy.Ondan soňra milli tagamlarymyz çekildi, sadaka gatnaşýan adamlara hezzet-hormat edildi.Duz-tagam dadylansoň, aýat-töwir okalyp, onda Milli Liderimiziň mukaddes, keramatly ýerde berýän Gurbanlyk sadakasynyň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi hem-de Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy, halklaryň abadançylygy, parahatçylygy dileg edildi.
Bu barada maslahat.gov.tm saýtynda habar berilýär.