Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördi

5-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Söwda-senagat edarasynda guralan Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine baryp gördüler.

Hormatly Arkadagymyz bu ýerde Tatarystan Respublikasynyň Baştutany hem-de Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşyk geçirdi.Duşuşykda gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary, öňde durýan wezipeler we hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Hormatly Arkadagymyz hem-de Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçysy ýurdumyzyň söwda toplumynyň hödürleýän hyzmatlary we önümleriň görnüşleri bilen tanyşdylar.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen maslahat geçirdi.Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, aýratyn-da, ýangyç-energetika toplumynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri, ulag-kommunikasiýa ulgamynda ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata iki ýurduň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Soňra hormatly Arkadagymyz Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp meseleleri we ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy bilen duşuşygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Halk Maslahatynyň Başlygy söwda toplumynyň sergisine baryp gördi
Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi
Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistana geldi