Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy HHR-niň başlygy Si Szinpin garşylady

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy HHR-niň başlygy Si Szinpin garşylady

Habar berşimiz ýaly, düýn — 17-nji oktýabrda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bir guşak bir ýol üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşmak üçin, Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen bardy.

Günüň ikinji ýarymynda Pekindäki Halk mejlisiniň zalynda Bir guşak bir ýol mejlisine gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýetleri garşylamak dabarasy geçirildi.

Bu dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny we onuň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowany Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we maşgalasy mähirli garşylady.

Sinuhana-nyň habar berşi ýaly, kabul edişligiň dowamynda resmi surata düşmek dabarasy geçirildi. Soňra hormatly myhmanlara HHR-iň Başlygynyň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.

Bir guşak bir ýol forumynyň esasy çäreleri şu gün geçiriler.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Pekine iş sapary dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi
Si Szinpiniň maşgalasy Türkmenistana sapar bilen çagyryldy
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Si Szinpiniň maşgalasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasyna hat ýollady
Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
Türkmen wekiliýeti Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň "Geljege köpri --- 2024" forumyna gatnaşýar
Putin Hytaýa döwlet sapary bilen barar