Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň giň meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň barşynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny, bar bolan mümkinçilikleri we geljek üçin meýilnamalary nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary anyklaşdyryldy.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde hem-de abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli we netijeli gatnaşyk edýärler, birek-birege özara goldaw berýärler. Türkmenistan we Gazagystan Respublikasy sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini görkezýärler. Munuň özi, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletleriň gün tertibinde esasy orun eýeleýän wakalar
Gazagystanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geler
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň indiki Konsultatiw duşuşygy geljek ýyl Özbegistanda geçer
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy
Tokaýew Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen çagyrdy
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik