Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidentiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Eýrana bardy we dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykan Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň we Eýranyň Daşary işler ministri Hosein Amir Abdollahiýanyň matam çäresine gatnaşdy. Bu barada “Watan” Habarlary gepleşigi habar berdi.

“Mehrnews” agentliginiň habar bermegine görä, Eýranyň aradan çykan Prezidentiniň we Daşary işler ministriniň matam çäresine 40-dan gowrak ýokary derejeli daşary ýurt wekiliýeti, şol sanda Tunisiň we Täjigistanyň Prezidentleri, Yragyň, Pakistanyň, Ermenistanyň, Kataryň, Azerbaýjanyň premýer-ministrleri we Yragyň, Russiýanyň, Alžiriň, Özbegistanyň, Gazagystanyň hem-de Liwanyň parlamentleriniň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Eýranyň Prezidenti şu ýylyň 19-njy maýynda Eýranyň Gündogar Azerbaýjan welaýatynda bolup geçen dikuçar heläkçiliginiň netijesinde aradan çykdy. Heläkçilige uçran dikuçarda Eýranyň daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan, Gündogar Azarbaýjan welaýatynyň gubernatory Malek Rahmati we Seýed Ebrahim Raisiniň janpena toparynyň başlygy Mehdi Musawi, ýurdyň Ýokary ýolbaşçysynyň welaýatdaky wekili hem bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy hem-de goňşy ýurduň wekillerine duýgudaşlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
“Türk Uçarmansyz Howa Ulagy Heläkçilige Uçran Eýranyň Prezidentiniň Ýerini Anyklady”
Eýranda Dik Uçar Heläkçiliginde Ýogalanlar Üçin Jynaza Çäreleri Geçirilýär
Eýranyň Ýezd Şäherindäki Ulag-Ýol Heläkçiliginde 10 Adam Ýogaldy
Nigeriýada Ýolagçy Awtobusy Heläkçilige Uçrady
Gyrgyzstanda Bolan Dikuçar Heläkçiliginde 1 Esger Ýogaldy