Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Dokmaçylar medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, dabaranyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly bu möhüm waka mynasybetli gutlag sözleri bilen çykyş etdi.
Gahryman Arkadag çykyşynda bu merkeziň geljekde türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä tanatmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirip, halkyň ruhy galkynyşynda, ýurduň beýik ösüşlerini wasp etmekde medeniýete we sungata uly orun degişlidigini belledi.
Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň häzirki belent derejelere ýetmegi üçin, ençeme şahsyýetleriň yhlasly zähmet çekendikleri, halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirendikleri barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Jemal Saparowanyň hem türkmen sungatynyň belent sepgitlere ýetmeginde mynasyp paýynyň bardygyny belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy:
Jemal Saparowanyň halypa hökmünde köp sanly şägirtleri ýetişdirendigi hem bellenildi.
Gahryman Arkadag:
Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Dokmaçylar medeni merkeziniň Dokmaçylar folklor, etnografiýa, aýdym-saz we tans toparynyň düzüminde ýüzlerçe adam zähmet çekýär. Bu merkezde olaryň döredijilikli, döwrebap şertlerden peýdalanyp işlemekleri üçin ähli şertler döredildi.
Binagärligiň milli hem-de döwrebap äheňleriniň sazlaşygynda gurlan täze bina hakyky sungat köşgi bolar diýip, Gahryman Arkadag belledi.
Çykyşynyň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu dabara bagyşlan Jemal bagşy Siz atly goşgusyny okady:
Giň jahanyň görki bahar-ýazdadyr,
Ojaklaryň berki halal duzdadyr,
Ýaşaýşyň ýakymy aýdym-sazdadyr,
Tutumly toýlaryň bezeg-nagşy Siz!
Kämile gol beren Jemal bagşy Siz!
Beýik döwre joşgun, taryp ýaraşar,
Diýaryma täze taryh ýaraşar,
Parahatlyk sungat bilen gül açar,
Watana söýgüde belent bagtyňyz,
Ýaş nesle nusgalyk Jemal bagşy Siz!
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.