Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri BMG-nyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Şu gün, günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzdaky Arkadag myhmanhanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ikitaraplaýyn we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy köp babatda Türkmenistanyň we BMG-niň strategik maksatlarynyň gabat gelmegine özara düşünilmegi, parahatçylyga, adalatlylyga, ösüşe, halkara gatnaşyklarynyň binýady hökmünde döwletleriň we halklaryň hukuklaryna hormat goýmaga esaslanýan garaýyşlarynyň ýakynlygy bilen şertlendirilendigini bellenildi.

Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan köpugurly hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň strategik ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.

BMG biziň ýurdumyz üçin ählumumy goldawa eýe bolan we resmi taýdan ykrar edilen ýeke-täk guramadyr. Biz bu Gurama ählumumy özara gatnaşyklaryň sütüni, dünýäde parahatçylygy we bähbitleriň deňeçerligini, howpsuzlygy gorap saklamagyň kepili hökmünde garaýarys.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Ärdogan: BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň gurluşy düýpli özgerdilmeli
Dünýädäki Çaknyşyklarda Asuda Ilatdan Ölenleriň Sany 72 Göterim Artdy
Guterriş: "Bu elhençlik bes edilmeli" diýdi
1-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Si Szinpin Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşar
Astananyň howa menzili ŞHG-yň sammiti bilen bagly güýçlendirilen iş tertibine geçdi
BMG-niň baş sekretary Guterriş Gyrgyzystana bardy