TÜRKMEN HALK ERTEKILERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

TÜRKMEN HALK ERTEKILERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki Ýaşlyk çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmen halk ertekileriniň terbiýeçilik ähmiýeti ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, döwrebap bilim-terbiýe almaklary, göwnejaý dynç almaklary, watansöýüji, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilendigi barada belläp geçdiler. Şeýle hem Türkmen halk ertekileri kitabyndan bolsa birnäçe ertekiler okaldy we şol ertekileriň gahrymanlary we olaryň häsiýetleri barada sorag-jogaplar alşyldy.

Bu geçirilen gürrüňdeşlik çagalarda uly täsir galdyrdy we çagalar özleriniň okan ertekileri barada gürrüň berdiler.

Ýurdumyzda bagtyýar nesillerimiziň şadyýan gülki sesleriniň hemişe ýaňlanyp durmagy üçin bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
ALTYN ZAMANADA, AJAP DÖWÜRDE WYSAL BOLDY PYRAGYNYŇ ARZUWY
Baýdagymyz başymyzyň täjidir, Kanunymyz kalbymyzyň güýjidir
Gölleriňe älem haýran
Akyldar şahyryň goşgulary asylly terbiýäniň çeşmesi
Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzilleri