Türkmen haj zyýaratçylaryna Berdimuhamedowlaryň saglygyny dilemek tabşyrylýar

Türkmen haj zyýaratçylaryna Berdimuhamedowlaryň saglygyny dilemek tabşyrylýar

Türkmenistanda şu ýylyň haj möwsüminde zyýaratçylardan häkimiýet başyndaky Berdimuhamedowlara jan-saglyk diläp, olaryň adyna doga-dileg etmek tabşyrylýar.

“Şu hepde öňünden sanawy düzülen raýatlary Saud Arabystanyna haj zyýaratyna ugratmak meýilleşdirilýär” diýip, ýagdaýlardan habarlary çeşmämiz 12-nji iýunda aýtdy.

Geçen hepde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti şu ýylyň haj zyýaratyna 2 müň 312 raýaty ugratmak meýilleşdirýändigini mälim etdi. Resmi habarda munuň bilen bagly, ilkinji gezek Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi tarapyndan ýörite gatnaw arkaly Saud Arabystany patyşalygyna eltilip-getirilmeginiň üpjün edilendigi bellendi.

“Bu habar ilki peýda bolanda ilat arasynda, ozalky ýyllaryň tejribesinden ugur alnyp, sanawdaky raýatlaryň ählisiniň uçar gatnawy mugt boljakdygy barada çaklamalar döredi. Emma prezidentiň soňky kararynda olaryň diňe 12% töweregine bu mümkinçiligiň hödürlenjekdigi belli boldy” diýip, çeşmämiz nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 11-nji iýundaky kararynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň zyýaratçylaryň diňe 289 sanysyny iki tarapyna mugt uçar gatnawy bilen üpjün etjekdigi bellenilýär. Geçen ýyl döwletiň hasabyna iberilen zyýaratçylaryň sany 275 adam bolupdy.

Döwlet goldawy bilen haj zyýaratyna gitmeli raýatlar hem resmi ýagdaýda ortaça 20 müň manat, biletlerini özleri satyn almaly raýatlar hem 30 müň manat çykdajy etmeli bolýarlar. Habarçylarymyz bu çykdajylaryň dollaryň resmi kursundan tas bäş esse ýokary gara bazaryň nyrhy boýunça kesgitlenendigini gürrüň berdiler.

Habarçylarymyz dini azatlyklary çäklendirmekde tankytlanýan Türkmenistanda hökümetiň howandarlygynda haj zyýaratynda bolup gelenleriň döwlet derejesinde aýratyn “sylag-hormata” mynasyp bolýandygyny aýdýarlar. Olar barada döwlet telewideniýesinde yzygiderli reportažlar berilýär. Olar dürli sowgatly döwlet çärelerine hem dowamly çagyrylýar.

“Döwletiň düzýän sanawyna düşmek üçin 5-6 müň dollar para berýänler hem bar. Bu ýylky zyýaratçylaryň esasy bölegini ozal kanungoraýjy edaralarda işläp, pensiýa çykan öňki ofiserler düzýär” diýip, çeşmämiz belledi.

Haj zyýaratynyň guramaçylygynyň töweregindäki korrupsiýa ýagdaýlary barada ozal-da resmi ýagdaýda tassyklanmadyk maglumatlar, şol sanda alym-berimiň hasabyna galp üç arka güwanamalarynyň oňardylýandygy barada maglumatlar gowuşypdy.

Azatlyk bulary garaşsyz ýagdaýda tassykladyp bilmedi, şeýle-de ýurduň müftüliginden kommentariýa alyp bilmedi.

Bu aralykda, haj zyýaratyna gitmeli raýatlar bilen öňünden geçirilýän söhbetdeşlikleriň dowamynda prezident Serdar Berdimuhamedowa we ozalky prezident, häzir halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hem doga-dileg etmek barada ýörite tabşyryk berilýär.

Türkmen häkimiýetleri bu görnüşli talaplaryny ozal-da, hususan-da Berdimuhamedowlaryň merhum ýakynlarynyň belli günlerinde hem öňe sürüpdiler.

Türkmenistanda haj zyýaratyna görülýän taýýarlyklaryň arasynda, türkmen hökümetiniň tankytçylarynyň ýakyn garyndaşlary Umra hajyny berjaý etmek üçin ýurtdan çykarylmaýar. Ençeme ýyl bäri Berdimuhamedowlaryň awtoritar režimini tankytlaýan Hamida Babajanowa, türkmen häkimiýetleriniň özünden ar almak üçin, 73 ýaşly ejesiniň ýoluny böwetländigine ynanýandygyny Azatlyk Radiosyna aýdypdy.

Türkmenistan ABŞ-nyň dini azatlyklar boýunça hasabatynda 2014-nji ýyldan bäri yzly-yzyna “aýratyn alada bildirilýän” ýurtlaryň hatarynda galýar.

Yslam ynanjynda parz hasaplanýan haj zyýaraty musulmanlaryň aý senenamasynyň 12-nji aýynyň, ýagny zülhijje aýynyň ilkinji on günlüginde amala aşyrylýar. Bu ýyl haj möwsümi 26-njy iýun 1-nji iýul aralygyna gabat gelýär. Haj möwsüminiň üçünji gününde musulmanlar Gurban baýramyny belleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Çeşme: daşary ýurda barýan her uçardan onlarça adam düşürilýär
Türkmen režiminiň tankytçysynyň ejesini haj zyýaratyna goýbermediler, ýene-de
Türkmen režiminiň tankytçysynyň ejesini haj zyýaratyna goýbermediler, ýene-de
Haj zyýaratyna ugradyljak adamlar seljerilýär, korrupsiýa aladalary bildirilýär
Türkmen talyplary UNIPO-2024 halkara onlaýn olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler