Türkmen häkimiýetleriniň we metbugatynyň Türkiýede onlarça adamyň, şol sanda ýedi türkmenistanlynyň ölümine sebäp bolan ýasama spirtli içgiler wakasy barada tapgyr ikinji gezek dymyşlygy, ýurt ýaşaýjylarynyň arasynda nägilelik döredýär. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 21-nji ýanwarda Mary, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan maglumat berdiler.
“Heläk bolan adamlaryň arasynda türkmen raýatlary hem bar ahyryn, nädip şonça ýogalan adamy görmezlige salyp bolar” diýip, daşoguzly ýaşaýjy anonimlik şertinde habarçymyza aýtdy.
Türkiýäniň Stambul şäherinde 13-nji ýanwardan bäri ýasama spirtli içgiler sebäpli ölenleriň sany 38 adama ýetdi. Käbir türk habar serişdeleri ölenlerden ýedi sanysynyň türkmen raýatlarydygyny habar berdi.
18-nji ýanwarda çap edilen maglumatlara görä, başga-da 27 adamyň saglyk bejergisi dürli hassahanalarda dowam edýär. Waka bilen ilteşikli azyndan 11 adam, şol sanda iki türkmenistanly tussag edildi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri, şol sanda Ankaradaky türkmen ilçihanasy we Stambuldaky Baş konsulhanasy waka barada henize çenli hiç hili beýanat ýaýratmady. Bu barada ýurduň ne resmi, ne-de ýarym-resmi media serişdeleri hem mesele gozgaýar.
Habarçylarymyz bu wakanyň şu günler Marynyň, Lebabyň we Daşogzuň ilatynyň köp böleginiň arasynda gürleşilýän esasy temadygyny belleýärler.
Ýaşaýjylar şuňa meňzeş pajygaly wakanyň mundan birnäçe ýyl ozal hem bolandygyny aýdyp, häkimiýetleriň şol wagt hem, häzir hem ilata hiç hili kömek etmändigini ýa-da duýgudaşlyk bildirmändigini ýazgarýarlar.
Ýaşaýjylaryň gürrüňini edýän wakasy 2020-nji ýylyň mart aýynda Stambul şäherinde bolupdy. Şonda azyndan 55 türkmenistanly ýasama arakdan zäherlenip öldi. Koronawirus pandemiýasynyň başyna gabat gelen bu wakada, türkmen raýatlarynyň wirusdan goranmak üçin ýasama arak içendigi aýdylypdy.
“Döwlet adam üçindir diýip günde onlarça gezek tekrarlaýarlar. Ýöne ýurtda iş bolmansoň, eklenç gözleginde daşary döwletlere gidýän, şol ýurtlarda ölýän ýa-da jenaýata baş goşýan ýurt raýatlarymyzy hiç hili agzamaýarlar. Döwletimiz özüni olar, hamala, ýurt raýaty däl ýaly alyp barýar” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçylarymyz bu wakanyň sosial torlaryň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda hem yzygiderli pikir alyşmalary döredýändigini aýdýar.
“Käbir ulanyjylar bu tragediýada günäkär diňe bir şol ýasama aragy ýasan we içenler däl’, eýsem häkimiýetleriň hem günäsiniň bardygyny aýdýarlar” diýip, lebaply ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Raýatlaryň käbir bölegi hem, bu wakanyň hökümete tarapdar neşirler tarapyndan hem habar berilmezligine nägilelik bildirýär.
“Ýasama spirtli içgiler baradaky habar Russiýanyň TASS habar gullugy tarapyndan hem köpçülige ýetirildi. Ýogsam, hökümete tarapdar neşirler TASS tarapyndan çap edilen makalalary yzygiderli sitirläp, ýa-da olara syn berip gelýärdiler” diýip, daşoguzly ýaşaýjy belledi.
Türkmen häkimiýetleri we metbugaty pajygaly waka barada dymyşlygyny saklaýan mahaly, ýasama spirtli içgiler sebäpli ençeme raýaty aradan çykan goňşy Özbegistanyň häkimiýetleri we ýarym-resmi neşirleri waka barada ilata yzygiderli maglumat berýärler.
Özbegistanyň Stambuldaky Baş konsulhanasynyň Telegram sosial ulgamyndaky sahypasynda çap edilen soňky maglumata görä, ýasama spirtli içgiler sebäpli 17 özbek raýaty öldi.
18-nji ýanwarda çap edilen maglumatda Baş konsulhananyň ölen özbek raýatlarynyň jesetlerini Özbegistana ibermek üçin zerur resminamalary taýýarlaýandygy we olaryň maşgala agzalaryna zerur bolan kömegi berýändigi hem nygtalýar.
Türk mediasy wakada ölen adamlaryň haýsy ýurtlaryň raýatlarydygy baradaky maglumatlary çap etmegi bes edendigi we türkmen häkimiýetleriniň bu barada dymmagy sebäpli, ýasama spirtli içgiler zerarly häzire çenli näçe türkmenistanlynyň heläk bolandygy barada anyk sanlar ýok. Şeýle-de, waka boýunça tussag edilenleriň arasynda iki türkmenistanlydan başga-da türkmen raýatynyň bardygy ýa ýokdugy hem häzirlikçe belli däl.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.