Türkmen býujetçileri öz işleýän ýerlerinde ýene-de pul tabşyrmaga mejbur bolýarlar. Bu gezek olaryň zähmet hakyndan tutulýan pul täze ýyl baýramyna taýýarlyklar üçin niýetlenýär. Täze ýylyň öňüsyrasynda adatça köçeler we edara jaýlary bezelýär, arça agajy dikilýär.
Täze ýyl baýramçylygynyň golaýlamagy edara-kärhanalaryň işgärleri üçin iş ýerlerinde goşmaça pul tabşyrmak mejburlygy bilen tapawutlanýar. Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen lebaplylar baýramçylyk çykdajylary barada özleriniň eýýäm habarly edilendigini gürrüň berdiler.
"Şu ýyl hem öňki ýyllara meňzeş boldy, her edara-kärhananyň öňünde uly arçany dikmek we bezeg işlerini alyp barmak barada Türkmenabat şäher häkimligi tarapyndan talap edildi. Dynç güni bolmagyna garamazdan, 3-nji dekabrda ähli edaralaryň öň tarapynda dikilen arça agajyny bezýän işgärleri görmek mümkin" - diýip, türkmenabatly söhbetdeşimiz gürrüň berdi.
Türkmenistanda Täze ýylyň öňüsyrasynda adatça köçeler we edara jaýlary bezelýär, edaralaryň köpüsiniň öňünde arça agajy dikilýär. Bu taýýarlyklara býujet işgärleri çekilýär, olardan çykdajylar üçin pul hem ýygnalýar.
Şu günler Türkmenabatda köpçülikleýin arça bezemek işlerini Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda ýerleşýän onlarça edara-kärhananyň öňünde, şeýle-de seýilgählerde görmek mümkin.
Bu işe gatnaşýan býujet işgärleriniň sözlerine görä, edaralaryň öňündäki arçalary we binalary bezemek işine azyndan üç iş güni gidýär, ir 9-da başlanýan işler agşam 17:00-de gutarýar. Munuň çykdajylary üçin her bir işgärden 50 manat çemesi ýygnalýar. Toplanan pula bezegler satyn alynýar we awtokran hakyna tutulýar. Ýokary göterýän tehnikanyň ortaça bahasy gününe 1000 manada ýetýär.
Mundan başga, şäheriň köçelerinde ösüp duran arçalar hem bezelýär. Bu işe hem býujetçiler çekilýär.
"Bitarap Türkmenistan köçesinde ýoluň orta böleginde gazon, şol ýerde ekilen gök arçalar bar. Türkmenabadyň demirgazygynda başlanýan Magtymguly köçesinden gaýdýan we Ak öýüň arçasyna çenli barýan bu ýoluň 5 kilometrindäki diri agaçlar bezelýär. Bu agaçlary bezemek işi mugallymlaryň we terbiýeçileriň boýnuna ýüklendi" diýip, anonim gürleşen býujet işgäri aýdýar.
Şäheriň baş arçasy Ak öýüň öňünde dikilýär.
Bu ýerde esasy Täze ýyl baýramçylyk dabaralary geçiriler.Türkmen telewideniýesinde görkezmek üçin gepleşikler wideo düşüriler.Bu çäreleriň ählisine ýene-de býujetçiler gatnaşmaga mejbur ediler.Emma häkimiýetler tarapyndan guramalaşdyrylýan bu baýramçylyk şagalaňlara ýörite saýlanyp alnan gatnaşyjylardan başga adamlar baryp bilmeýär.
Geçen ýyllaryň tejribelerine görä, ýurduň ähli şäherlerinde bezelýän baş arçalaryň golaýyna adaty raýatlara, şol sanda çagalara 31-nji dekabrda we 1-nji ýanwarda barmak rugsat berilmeýär.Baýramçylyk meýdany ilatdan polisiýa bilen goralýar.
Ýurduň ähli künjeklerini bezemek we baýramçylyk atmosferasyny döretmek işlerini maliýeleşdirmäge mejbur edilýän ilat ýyllarboýy baýramçylyklarda dürli çäklendimelere sezewar bolýar. Geçen ýyl täze ýylda bjujetçilere baýramçylygy kafe-restoranlarda bellemek gadagan edildi.
Häkimiýet býujetçiler babatynda işini ýitrmek haýbaty bilen girizen bu gadagançylygy resmi taýdan düşündirmedi, emma käbir ýolbaşçylar öz işgärlerine munuň "problema döretmezlik" maksady bilen düşündirdiler. Şol bir wagtda-da býüjetçiler täze ýyly öýünde öz ýakynlary bilen garşy almagyň ýerine 31-nji dekabr we 1-nji ýanwar resmi dynç alyş günlerinde köpçülikleýin çärelere çykmaga mejbur edilýärler.
Türkmen häkimiýetleri baýamçylyk bezegleri meselesine ýyllarboýy uly üns berýär we bu işde tapawutlanmagy halaýar. Türkmen paýtagty birnäçe ýyllap täze ýylda Merkezi Aziýa regionynda iň beýik arça agajyny dikmek bilen buýsandy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.