Türkmen häkimiýetleri Russiýa ugry boýunça gök-bakja eksportyny artdyrmak ugrunda tagalla edýärler

Türkmen häkimiýetleri Russiýa ugry boýunça gök-bakja eksportyny artdyrmak ugrunda tagalla edýärler

Russiýanyň Ukraina esassyz çozmagynyň yz ýany, halkara jemgyýetçiliginiň Moskwa garşy girizen ykdysady sanksiýalarynyň arasynda, türkmen häkimiýetleri Russiýa eksport edilýän ýerli oba hojalyk önümlerini artdyrmak ugrunda tagalla edýärler. Şeýle tagallalaryň çäginde häkimiýetler Mary welaýatynyň Garagum etrabynda ýerli daýhanlar bilen ýygnak geçirip, ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja ekinleriniň önümçiligini artdyrmak barada duýduryş berýärler.

Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysyna görä, şeýle ýygnaklaryň biri 1-nji aprelde irden Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň medeniýet öýünde geçirildi. Ýygnaga ýyladyşhana eýeleri we daýhanlar çekildi.

Häkimiýet wekilleri daýhanlar bilen geçiren ýygnaklarynda ýerli oba hojalyk önümlerini Russiýa eksport etmek babatda emele gelen täze mümkinçilikler barada düşündiriş işlerini geçýärler.

“Bize ýyladyşhanalarda näme ösdürip ýetişdirsek, önümleri Russiýa satyp bolýandygyny aýtdylar. Pomidor, hyýar, bolgar burç we beýleki önümleri, hatda noýba ösdürip ýetişdirsek hem Russiýa eksport edip bolýandygyny aýtdylar” diýip, bir maryly daýhan Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Häkimiýetler hili ýokary önümleriň eksporta iberiljekdigini, hili pes oba hojalyk önümleriniň bolsa içerki bazarlara ýerlenjekdigini aýdýarlar.

“Gök-bakja önümleriniň 1-nji sortyny daşarky bazarlara satyp bolar, sypaty göwnejaý bolmadyk (pes hilli) harytlaryňyzy içerki bazara çykaryp bilersiňiz” diýip, häkimiýet wekilleri daýhanlara aýdýar. Şol bir wagtda, häkimiýetler ýörite utgaşdyryjylary belläp, olary daýhanlaryň önümlerini satyn almak we şol önümleri daşary ýurtlara ýerlemek bilen borçlandyrýarlar.

Birnäçe ýyl bäri içerki sarp edijileriň azyk üpjünçiligini doly kanagatlandyrmakda kynçylyk çekýän Türkmenistanda soňky hepdelerde oba hojalyk önümleriniň Russiýa ugry boýunça eksport edilmegi babatda aýratyn tagalla edilýär.

Has ozal, 23-nji martda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynda gök-bakja önümleriniň, şeker şugundyrynyň, et önümleriniň we beýleki azyklyk önümleriň Russiýa eksportynyň artdyrylmagy barada daýhanlara we telekeçilere duýduryş berilýändigini habar berdi.

Ýöne öz raýatlary indi birnäçe ýyl bäri iýmit önümleriniň kadasyz üpjünçiliginden ejir çekýän Türkmenistanda häkimiýetleriň içerki sarp edijileriň mätäç bolan önümlerini Russiýa eksport etmek ugrunda aýratyn tagalla etmegi ilat arasynda sorag döredýär.

Halkara sanksiýalaryň arasynda Moskwa öz çäginde öndürilýän käbir azyk önümleriniň daşary ýurtlara ekportyny wagtlaýyn togtatdy.

“Indi Russiýany eklemek bize galdymy?” diýip, türkmen daýhanlary kinaýa bilen birek-birege sorag berýärler.

Russiýa 24-nji fewralda esassyz Ukraina çozansoň, halkara jemgyýetçiligi Russiýanyň harby çozuşyny berk ýazgardy. BMG-niň 141 agzasy 2-nji martda Russiýanyň Ukraina garşy amala aşyrýan çozuşyny biragyzdan ýazgardy. Türkmenistan bu ses berişlige gatnaşmady. Galyberse-de, Türkmenistan Russiýa-Ukraina urşy barada şu wagta çenli asla beýanat bermedi.

Halkara jemgyýetçiliginiň Russiýa garşy girizen berk sanksiýalary Moskwany beýleki çäreler bilen bir hatarda has ozal özüniň import ugurlaryna girizen çäklendirmelerini ýatyrmaga iterdi.

Russiýanyň oba hojalyk gözegçisi “Rosselhoznadzor” 5-nji martda karar kabul edip, beýleki käbir ýurtlardan Russiýa import edilýän harytlara girzen çäklendirmeler bilen bir hatarda Türkmenistandan pomidor we burç import edilmegine girizen gadagançylygyny ýatyrdy.

Ýatlasak, geçen ýylyň martynda Russiýanyň “Rosselhoznadzor” gullugy Türkmenistandan import edilýän pomidoryň Russiýanyň fitosanitariýa şertlerine gabat gelmeýändigi bilen baglylykda onuň importyny çäklendirjekdigini aýdypdy.

Türkmen metbugaty wagtal-wagtal Russiýa eksport edilýän pomidoryň möçberi barada maglumat berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynyň ähli etraplarynda soňky ýyllarda ýyladyşhana önümçiliginiň ýokarlanandygyny habar berýär.

“Esasan-da, Sakarçäge etrabynda, Şatlyk şäherçesinde, Oguz han etrabynda parnik köpeldi” diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtda ýyladyşhanalarda oba hojalyk önümçiligi bilen meşgullanýan daýhanlar özleriniň häkimiýetler tarapyndan tebigy gaz üpjünçiligini kesmek ýaly dürli päsgelçiliklere sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň pomidorlaryndan ýene parazitler tapyldy. Iki aý mundan owal RF olaryň getirilmegine rugsat edipdi
Türkmenistandan Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitine goýun ýüňüniň nobatdaky tapgyry eltildi
Türkmenistanda 308 tussagyň günäsi geçildi, Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlaryň awiapetekleriniň bahasyny arzanlatdy, Türkmenistandan 18 tonna pomidor Russiýa iberildi we beýleki habarlar
Türkmenistan Nowosibirsk sebitine 18 tonna pomidor eksport etdi
Rosselhoznadzor-yň hünärmenleri Türkmenistanda tejribelerini paýlaşarlar
Türkmenistan Russiýa ýylyň başyndan bäri 1279,9 tonna goýun ýüňüni eksport etdi