Türkmen häkimiýetleri çabga ýagyşlaryň we siliň gelmegine taýýarlyk görýärler

Türkmen häkimiýetleri çabga ýagyşlaryň we siliň gelmegine taýýarlyk görýärler

Türkmen häkimiýetleri ýurda çabga ýagyşlaryň we siliň gelmegine taýýarlyk görýärler diýip, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň biri habar berýär. “Ýurtda garaşylýan çabga ýagyşlaryň we siliň gelmegi bilen bagly “apy-tupanyň” boljakdygy barada regional häkimiýetlere, Içeri işler ministrligine we Goranmak ministrligine duýduryş berildi.

Häkimiýetler howa maglumatlaryny bilýärler, ýöne mende haýsy sebitlere nähili howpuň abanýandygy barada maglumat ýok.Olaryň nähili çäre görmäge taýýarlanýandyklary hem häzirlikçe nämälim bolup galýar” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy türkmen hökümetindäki anonim çeşmä salgylanyp, 6-njy aprelde habar berdi.

Onuň sözlerine görä, iň köp howp astyndaky regionlaryň hatarynda Köpetdag we onuň düzlügi, şeýle-de ýurduň demirgazygyndan günbataryna we günorta-günbataryna çenli aralygy bar. “Günbatarda Kakadan Bereket etrabyna çenli, şeýle-de aýlaw bilen günortada Madow obasyna çenli arlygy öz içine alýar.

Günortada Tagtabazar we Guşgy, şeýle-de az ilatly Bathyzyň we Garabiliň daglyk sebitleri bar.Her hili hem bolsa, Türkmenistan bilen Eýranyň serhedindäki suw howdany we uly bent sebäpli Tejen jülgesi gorag astynda” diýip, habarçy belleýär.

Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, ýurduň käbir künjeginde çabgaly ýagyşlar dowam edýär we sil gelmek howpy saklanyp galýar. “Geçen hepde Tagtabazar sebitinde Murgap derýasynyň suwy iki gezek ýokarlanyp, gaty howply derejä ýetdi.

Häkimiýetleriň käbir ýerlerde gumly haltalary ýerleşdirip, öňüni alyş çärelerini görendigine garamazdan, sil geldi. Ýöne bu ýyl hakykatdan-da bahar paslynyň ýagyşlarynyň göwrümi adatdan daşary derejede boldy.Mundan öň, güýçli ýagyşlar aprel-maý aýlarynda ýagýardy, häzir bolsa, bu ýagdaý bir ýarym aý öňe süýşdi” diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar. Çabgaly ýagyşlaryň netijesinde Tagtabazar şäherine belli bir derejede sil geldi.

Azatlyk Radiosynyň bu regiondaky habarçysynyň sözlerine görä, siliň gelmegi sebäpli bu ýerde ortaça 700 jaýa zeper ýetip, olaryň käbirleri doly ýumruldy we onlarça maşgala öýsüz galdy.Türkmenistana çabgaly ýagyşlaryň ýagmagy we siliň gelmegi bilen bagly waka ilkinji gezek martyň 18-den 19-na geçen gije bolupdy. 19-njy martda irden Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň administratiw merkezini we 10-a golaý obasyny sil suwy basdy. Çabgaly ýagyşlardan welaýatyň Serdar şäheri hem ejir çekdi.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, ýaşaýyş jaýlaryny, döwlet edara-kärhanalaryny suw we laý-palçyk basdy, şäheriň infrastrukturasyna, elektrik geçiriji sütünlere we ýollara zeper ýetdi. Ýerli häkimiýetler öýlerini terk etmäge mejbur bolan ýüzlerçe maşgala ýardam bermekden ýüz öwürdi.

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň ýaşaýjylary sebitdäki suw joşmalary, ýollary we ilatly ýerleri basan sil suwlary zerarly bir hepde bäri gabawda, ýurduň başga ýerlerinden üzňelikde otyr diýip, 29-njy martda Azatlygyň ýerli habarçysy habar berdi.

Sil zerarly zeper ýeten ýollarda ulag heläkçilikleri hem boldy.Türkmenistana çabgaly ýagyşlaryň ýagmagynyň we siliň gelmeginiň fonunda, şuňa meňzeş tebigy betbagtçylyklar goňşy Eýranda we Owganystanda hem dowam edýär.

Bu ýurtlaryň häkimiýetleri we ýerli media serişdeleri siliň gelmegi netijesinde uly möçberde maddy we adam ýitgileriniň bolandygyny habar berdiler.Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow siliň gelendigini tassyklap, ýurduň goranmak ministrine duýduryş we onuň orunbasaryna käýinç yglan etse-de, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ýurduň etraplaryna gelen sil we onuň ýetiren täsirleri barada dymyşlygy dowam etdirýärler.

Ýene degişli makalalar

TAWUS GUŞ SIMALY, ÜTELGI GÖZLI
Garagumyň ummasyz baýlyklary
Türkmenistan kaliý dökünlerini öndürjek ikinji zawody gurmak üçin tender yglan etdi
Türkmenistan Garlyk kombinatynyň gurluşygy boýunça Belarus bilen henizem hasaplaşanok
'Garlykdaky dag-magdanlaryny baýlaşdyryjy kombinat diňe 7% kuwwatyny işledýär'
Türkmenistanda ikinji dag-magdan zawodyny gurmaga howlugýan ýok. Lukaşenko häzirlikçe dymýar