Türkmen häkimiýeti suw joşmasyna ilata basyş etmek we IMO-ny petiklemek arkaly çemeleşýär

Türkmen häkimiýeti suw joşmasyna ilata basyş etmek we IMO-ny petiklemek arkaly çemeleşýär

Türkmenistanda bir hepdeden gowrak bäri dowam edýän güýçli ýagyn ýurduň dürli künjeklerinde infrastruktura, oba hojalygyna we ilatyň durmuşyna ýaramaz täsir ýetirýär. Bu ýagdaýy häkimiýetler resmi derejede görmezlige salýar. Şol bir wagtda-da ilata habar bermegiň we kömek etmegiň deregine häkimiýetler esasy ünsüni ilatyň bu tebigy hadysany surata düşürmezligine we pikir alyşmazlygyna gönükdirýär.

Lebap welaýatynda polisiýa we howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri hüşgärligini güýçlendirdi. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, internetiň tizligi haýallady, VPN-ler petiklenip, IMO mesenjeriniň işleýşi bökdedi. Polisiýa we MHM-niň işgärleriniň esasy ünsi welaýatda ýagýan ýagynyň netijelerini bukmak maksadyna gönükdirilýär.

"Ýurdy garalaýjy foto we wideo materiallaryň daşary ýurda syzylyp çykmagynyň öňüni almak tabşyryldy. Günbataryň ýa-da ABŞ-nyň döwlet departamentiniň eline ýurdy garalaýjy maglumatlar düşen ýagdaýynda, bu maglumatlary içki ýagdaýy durnuksyzlaşdymak maksady bilen ulanýarlar diýlip bize düşündirildi” - diýip, Türkmenabadyň polisiýasynyň işgäri anonim gürrüň berdi.

Polisiýa işgäriniň 'ýurdy garalaýjy' diýip agzan ýagdaýy diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem tutuş Merkezi Aziýa regionynda ýüze çykan tebigy hadysadyr. Güýçli ýagyş goňşy Eýranda we Owganystanda hem dowam edip, weýrançylyga we adam pidalaryna sebäp boldy. Türkmenistandan başga ýurtlaryň hökümetleri we habar serişdeleri ýüze çykýan tebigy hadysalary ýaşyrjak bolmaýar we ilata kömege howlugýar.

Türkmenistanyň hökümeti hem goňşy ýurtlardaky tebigy hadysalary adatça agzaýar we öz tarapyndan kömek hödürleýär, emma öz ýurdundaky ýagdaý barada dymmak tejribesini şu gezek hem dowam etdirýär.

Azatlygyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň sözleri görä, bu gezek häkimiýetler uzaga çeken güýçli ýagyn barada habar berilmezligi ugrundaky tagallalaryny adatdakysyndan hem pugtalandyrypdyr.

Ýagdaýlardan habarly çeşmeleriň biriniň maglumatyna görä, welaýatdaky MHM edarasynyň “Internet monitoring” bölümi, ýerli prowaýderiň başlygyny gürrüňdeşlige çagyrypdyr.

“Başlyk işgärleriň’ ýanyna baryp gelenden soň, welaýatda internet akymynyň durnuksyzlyk derejesiniň ýokarlandyryljakdygy barada kärdeşleriň arasynda gürrüň ýaýrady. Internet akymynyň durnuksyzlaşdyrylmagy onuň ortaça tizliginiň peselendigini görkezmekden, hiline erbet täsir edýär” diýip çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Bu aralykda Türkmenabat şäherinde internetiň hiliniň peselendigini, işleýän vpn-leriň aglabasynyň işlemän galanlygyny ýerli ulanyjylaryň ençemesi aýtdylar.

Edil şeýle ýagdaý Aşgabada hem degişli.

Häzir Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýagýan ýagyş sebäpli Aşgabatda we welaýatlarda şäherlere we obalara ýetirýän zyýan barada foto we wideo ýazga düşürip sosial torlara ýaýradan raýatlar howpsuzlyk gullugy tarapyndan anyklanýar we polisiýa bölümlerine ýygnalýar. Öz şahsy hojalygyndaky ýagdaýlary wideo düşüren we birek-birege paýlaşan ýa-da sosial ulgamlara ýaýradan adamlar hem soraga çekilýär.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy bu barada 20-nji maýda habar berdi.

"Ýygnalyp, soraga çekilen paýtagt ýaşaýjylary ýagan ýagyşy öýüniň äpişgesinden wideo düşürip, sosial mediada paýlaşandygy üçin öýlerinden alnyp gidilýär we derňelýär" diýip, habarçymyz aýdýar.

Görýän zatlaryňy, şol sanda tebigy hadysalary surata düşürmegiň adaty bir ýagdaý bolmagyna garamazdan, türkmen polisiýasy derňewe çekilen adamlary uly basyşa, kemsitmelere sezewar edýär.

"Wideo näme üçin düşürdiň?", "Kim düşürmeli diýip, görkezme berdi?", "Näme niýet bilen düşürdiň?", "Watanyňy we halkyňy bütin dünýäniň oňünde masgaralap, garalanyňa düşünýäňmi?", Bu etmişiňe okünýärsiňmi?" diýen sowallar Türkmenistanda ýagşyň suratyny alan adamlara berilýär.

Habarçylarymyz soraga çekilen adamlaryň berk daralyp, häkimiýetleriň olary başgalara göz edip, jezalandyrmaga synanyşýandygyny polisiýadaky çeşmelere salgylanyp, habar berýärler.

Bu aralykda sosial ulgamlardaky diskusiýalara syn edýän aşgabatly çeşme soňky ýagynlaryň, silleriň we suw joşmalarynyň türkmen jemgyýetinde 2020-nji ýylyň harasatyndan bäri iň uly möçberli internet işjeňligine, sosial torlarda bolup geçen tebigy betbagtçylygy we onuň ýetiren zyýanyny görkezýän wideo we foto ýazgylarynyň paýlaşylmagyna getirendigini belleýär.

Sosial ulgamlarda köpçülikleýin ýerleşdirilen wideo we suratlaryň özlerinde we olara galdyrylan teswirlerde internet ulanyjylar dürli meseleleri we soraglary dile getirip, olary häkimiýetlere gönükdirdiler.Meselem, Aşgabatda güýçli sil akymyna gark bolup barýan adamlary görkezýän wideoşekile teswirlerde türkmen internet ulanyjylary "näme üçin suwuň şu derejä ýetjegini häkimiýetler ilata we kommunal hojalygy gullugyna duýdurmadylar?", "Hany bagtyýar döwletiň halas ediş gulluklary?", "Öz halkynyň milli Lideri diýilýän G.Berdimuhamedow we prezident S.Berdimuhamedow nirede we haçan halkyň öňüne çykyp, şu betbagtçylykda halka kömek ederler ?", "Hany Owganystana, Hytaýa, Orsyýete yzygiderli duýgudaşlyk bildirýän Gahryman Arkadagyň" öz halkyna şu agyr günde bildiren duýgudaşlygy?", "Ak şäherim Aşgabatda ak ýürekli žurnalist, emeldar, häkim ýokmy?" ýaly soraglary orta atýarlar.

Çoganly ýaşaýyş toplumynyň köçelerinde akýan sil suwlaryny görkezýän wideo we suratlara galdyrylan teswirlerde ulanyjylaryň aglabasy "Şunuň ýaly betbagtçylyk bolanda habar berip bilmese, onda ol döwlet TW we Radiosy kime gerek?" terzde soraglary orta atýarlar.

Kaka etrabyna gelen güýçli sil akymyny kommentirleýän ulanyjylar beýle hili betbagtçylygyň ýurtda öňem, mundan gowşak görnüşde bolsa-da, ençeme gezek bolup geçendigini belläp, häkimiýetleriň şu hili adatdan daşary ýagdaýlarda ilata maglumaty doly we wagtly-wagtynda ýetirmäge borçludyklaryny, raýatlaryň zeper ýeten emlägi üçin kompensasiýa tölemäge borçlarynyň bardygyny belleýärler.

Habarçylarymyz bilen gürleşen ahally, aşgabatly we maryly ýaşaýjylar öz pikirlerini paýlaşyp, türkmen häkimiýetiniň şeýle agyr pursatda öz halkynyň ýanynda bolmagyň deregine interneti petikläp, döwlet çärelerini geçirmek bilen ataly-ogul Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kultuny mahabatlandyrmagyna nägile bolýarlar.

Azatlyk bilen gürleşen Aşgabatly synçy ýurtdaky agyr syýasy we ykdysady problemalaryň üstüne tebigy betbagtçylyklaryň hem goşulýandygyny belläp, resmi Aşgabadyň dymmak taktikasyny dowam etdirmegi agyrlaşdyrandygyny aýdýar.

"Sebäbi, hökümet öz propagandasynda 'biziň ýurdumyzda hiç hili kynçylyk ýok, daşary ýurtlarda bela beter bolýar, ýöne şonda-da biz şolara kömege barýarys' ýaly taglymatlary kän ulanýar, emma iş ýüzünde durmuş reallyklary yzygiderli tebigy betbagtçylyklaryň, ýiti ykdysady krizisiň, sosial meseleleriň we syýasy doňaklygyň, üzňeligiň we diýdimzorlygyň ilata ýetirýän zyýanlarynyň öňüni almakda häkimiýetleriň hiç hili iş bitirip bilmeýändiklerini we degerli iş bitirmek islemeýändiklerini görkezýär.

Bu hem bolsa elbetde günüň gününe ilatyň gözünde häkimiýetiň jogapkärçiliksizligini, döwlet işiniň çagşap barýandygyny has çuňňur görkezip başlady. Şonuň üçinem, haýdan-haý uly ile gülki bolan dymmaklykdan el çekip, jemgyýet bilen dialoga we meseleleriň bardygyny boýun almak bilen olaryň çözgüdini gözlemäge girişmeli.

Başga ýol ýok " - diýip, synçy belledi.

Türkmenistanda 2020-nji ýylyň maý aýynda bolan we onlarça adamyň ölümine sebäp bolan güýçli tupandan soň türkmen hökümetiniň dymmagy türkmen jemgyýetinde öň görlüp-eşidilmedik protest çykyşlary tutaşdyrypdy.

Soňky ýylda Türkmenistanyň giňişliginde adaty bolmadyk tebigy hadysalar öň bolmadyk derejede ýygjamlaşdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Mekdep gyzlary mata almaga mejbur edýär, bezegçiler 'mugt hyzmat' çäresini geçirýär
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmenistandan çykyp bilmedik we daşary ýurtda galan raýatlar resmilerden hemaýat soraýarlar
Býujet işgärlerinden IMO we beýleki sosial media hasaplaryny ýapmak talap edilýär
Lebabyň körler we kerler jemgyýeti eşige we aýakgaba mätäçligiň dörändigini aýdyp, ilatdan kömek soraýar
Balkan zawody täze gury ýük gämileri üçin IMO belgileri aldy