Türkmen grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy

Türkmen grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew halkara ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy

Türkmen grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Ankarada geçirilen Başkent uniwersitetiniň 5-nji halkara açyk küşt ýaryşynda kümüş medala mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr web sahypasy habar berýär.

Türkiýäniň Küşt federasiýasy we Başkent uniwersiteti tarapyndan bilelikde guralan ýaryşda 6 ugur boýunça 7 ýurtdan we Türkiýäniň 44 welaýatyndan 600 töweregi türgen özara güýç synanyşdy.

Iň güýçli küştçüleri özünde jemlän A kategoriýada ynamly oýunlary arkaly birinji orna — mümkin bolan 9 utukdan 8 bal toplan azerbaýjanly grossmeýster Wugar Rasulow mynasyp boldy (FIDE reýtinginde 2458 utuk).

Ikinji ýer bolsa 6.5 utuk toplan ildeşimiz Meýlis Annaberdiýewe (häzirki FIDE reýtinginde 2484 utuk) nesip etdi.Izmirden gelen ýaş küştçi, FIDE-niň sport ussady Umut Gündüz utuklarynyň sanynyň deňdigine garamazdan, goşmaça görkezijilerde Meýlisden yzda galyp, üçünji basgançakdan ýer aldy. Şeýle-de 9 oýunda 6 utuk gazanan ýene bir türkmen küştçüsi, halkara sport ussady Saparmyrat Atabaýew (reýting 2447) ýaryşy dördünji orun bilen tamamlady.

Mundan başga-da 5 oçko toplan türkmenistanly küştçi Hanjar Ödäýew (2287 reýting) 50 ýaşdan uly küştçüleriň arasynda iň gowy netije üçin baýraga mynasyp görüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň täze prokuroryny wezipesine belledi, Russiýanyň sirk artistleri Türkmenistandaky saparyny Balkanabatdaky çykyşlary bilen tamamlarlar we beýleki habarlar
Küştçi Saparmyrat Atabaýew Türkmenistanyň taryhyndaky onunjy halkara grossmeýster boldy
Özbegistanda türkmen maýasynyň gatnaşmagynda 187 kärhana hereket edýär
Türkmenabatda “Made in Uzbekistan” atly sergi açyldy
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda