Türkmen-german söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen-german söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Bundestagynyň deputaty Peter Baýeriň ýolbaşçylygyndaky nemes wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibine seredip geçdiler. Bu ugurda iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti nygtaldy.

Syýasy we söwda-ykdysady ulgamlarda geljekki hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hem tassyklanyldy. Saglygy goraýyş, sanlylaşdyrmak, oba hojalygy we suw gorlaryndan tygşytly peýdalanmak ugurlary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, R.Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-german iş toparyny işjeňleşdirmek hem-de işewürlik forumlaryny guramak arkaly söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň möhümdigini belläp geçdi.

Gepleşikleriň dowamynda Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky parlamentara gepleşiklere hem üns berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-german iş toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklandy
Germaniýada türkmen-german ykdysady forumy geçiriler
Türkmen-german hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda
Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Aşgabatda geçirilýän halkara lukmançylyk forumy öz işine başlady
Türkmenistanda halkara lukmançylyk forumy geçirildi