Türkmen-german hyzmatdaşlygynyň täze derejesi

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Üstünliklere beslenen iş sapary türkmen-german hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny halk hojalygynyň dürli ugurlarynda, hususan-da, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki ugurlarda ösdürmek üçin täze itergi boldy.

Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu gezekki sapar döwletara gatnaşyklary berkitmekde hem-de türkmen-german hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmakda nobatdaky möhüm ädim boldy.

Saparyň maksatnamasyna ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we GFR-iň wekiliýetleriniň Baştutanlarynyň derejesinde möhüm duşuşyklaryň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen birlikde, GFR-iň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda wajyp ähmiýetli köptaraplaýyn çäräniň guralmagy Ýewropanyň bu döwletiniň halkara giňişlikde durnukly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde uly abraýa eýe bolan Türkmenistan, şeýle hem Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Germaniýa ykdysadyýetiniň kuwwatlylygy boýunça Ýewropa Bileleşiginde we dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir. Ýewropanyň bu iri döwleti awtoulag senagatynda, uçar önümçiliginde, elektrik inženerçiliginde, lukmançylyk, oba hojalyk, azyk, himiýa we derman senagaty enjamlaryny öndürmekde, şeýle hem ýaşyl energiýa önümçiliginde öňbaşçylaryň hatarynda tanalýar. Şol bir wagtda bu ýurduň köp sanly iri kompaniýalary eýýäm biziň ýurdumyz bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän bolsa, olaryň üsti täze kompaniýalar bilen hem ýetirilýär.

Häzirki güne çenli ýurdumyzda german maýasynyň gatnaşmagynda umumy möçberi ABŞ-nyň 1,6 milliard dollaryna golaý bolan maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 196-synyň bellige alnandygy muňa aýdyň mysaldyr. GFR-iň işewür toparlarynyň wekilleri, şol sanda Siemens, Daimler, СLAAS, Rohde & Schwarz, Dresser-Rand we beýleki kompaniýalar uzak möhletli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň giňden ornaşdyrylmagyny, işjeň sanlylaşdyrmagy, infrastrukturanyň okgunly ösdürilmegini nazara almak bilen, iki ýurduň mümkinçiliklerini has netijeli ulanyp bolar.Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda german kompaniýalarynyň netijeli işlemegi üçin oňaýly şertleri hödürlemäge taýýardyr.

Türkmen ykdysadyýeti oňyn pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu nukdaýnazardan Berlin şäherinde geçirilen türkmen-german işewürler forumy hem uzak möhletli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim hökmünde garalýar.

Umuman, türkmen-german gatnaşyklarynyň häzirki günde ähli esasy ugurlary öz içine alyp, işjeň ösdürilýändigini bellemek gerek. Dürli ýyllarda ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara formatlaryň çäklerinde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar bar bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny eýeleýär. Bu duşuşyklar syýasy hyzmatdaşlygyň esasy binýadyny goýdy, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly şertleri döretdi.

Energetika ulgamy möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň nebitgaz toplumy üçin Germaniýanyň kompaniýalarynyň tehnikalaryny we enjamlaryny getirmek meselesini ara alyp maslahatlaşmaga, Gün batareýalaryny peýdalanmak boýunça german tehnologiýalaryny Türkmenistanda ornaşdyrmagyň mümkinçiligini öwrenmäge taýýardygy beýan edildi. Şeýle hem ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek maksady bilen, Germaniýanyň wodorod energetikasy boýunça tejribesini öwrenmäge isleg bildirildi.

Oba hojalyk pudagynda Türkmenistan bilen СLAAS kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň köpýyllyk oňyn tejribesini nazara almak bilen, innowasion çemeleşmeli, öňdebaryjy ýaşyl tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ulanmak arkaly hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine geçmek teklip edildi.

Raýat awiasiýasy ulgamynda, hususan-da, iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek babatda, Türkmenistanyň howa menzillerini bilelikde dolandyrmak mümkinçiliklerini artdyrmakda, şol sanda bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin degişli hukuk binýadyny taýýarlamakda hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ugry boýunça hem hyzmatdaşlyk etmegiň oňat mümkinçilikleri bar. Şunda ýaşyl geçişi, şol sanda az uglerodly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, energetika we lukmançylyk geljegi uly ugurlar hasaplanýar. Gündogar komiteti bilen geçirilen duşuşyklaryň netijeleri boýunça 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlin şäherinde wekilçilikli Türkmen-german işewürlik forumyny guramak teklip edildi.

Bellenilişi ýaly, geljekki hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mundan beýläkki işiň ugurlaryny kesgitlemäge, wajyp başlangyçlaryň we haryt dolanyşygynyň ýurtlarymyzyň ýokary ykdysady kuwwatyna laýyk gelýän derejä çykarylmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmäge ýardam etdi.

Muhammetnyýaz SEÝIDOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Berlinde türkmen-german işewürlik forumy geçirildi
Türkmenistan Germaniýanyň senagat we logistika kompaniýalaryny hyzmatdaşlyga çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine bardy
XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady
Dekabrda saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumy geçiriler
Işewürlik-daýjest: 21 27-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady täzelikleri