Türkmen-german hyzmatdaşlygy: saglygy goraýşa innowasiýalar ornaşdyrylýar

Aşgabada nemes lukman-professorlarynyň nobatdaky topary geldi. Olaryň ýurdumyza ýygy-ýygydan gelmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen “Senior Experten Service” nemes guramasynyň (“Uly bilermenleriň gullugy” — SES halkara hyzmatdaşlyk boýunça nemes ykdysady gaznasy) ençeme ýylyň dowamyndaky hyzmatdaşlygy özüni oňyn tarapdan görkezdi.

Bütin dünýä boýunça maslahat hyzmatlarynyň edilmegine ýöriteleşdirilen bu guramanyň esasy wezipesi ýokary derejeli, ol ýa-da beýleki ugurda uly iş tejribesi bolan hünärmenleriň kömegi bilen dürli taslamalary durmuşa geçirmek arkaly ýurtlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine goldaw we ýardam bermekden ybaratdyr.

Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde saglygy goraýyş ulgamynda SES-niň bilermenleri türkmen lukmanlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de iň gowy Ýewropa lukmançylyk tejribesini öwrenmek maksady bilen ýurdumyza yzygiderli çagyrylýar. Şu ýyl nemes professorlarynyň kyrkysynyň saparlary meýilleşdirildi, olaryň ýarysy eýýäm biziň ýurdumyzda bolup, öz wezipelerini ýerine ýetirdiler.

Ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynyň hünärmenleri Ýewropa lukmançylygynyň ykrar edilen öňdebaryjysy bolan Germaniýanyň belli lukmanlary we professorlary öz kärdeşleri bilen tejribe alyşmak mümkinçiligine eýe boldular. Ýokary tehnologiýaly innowasiýalar şeýle gatnaşyklaryň özenini düzýär, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde goýlan jogapkärli wezipeleri oňyn çözmegiň möhüm şertidir.

Şu günlerde Türkmenistanyň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetinde nemes professorlarynyň nobatdaky topary iş saparynda boldy. Olar şeýle gürrüň berýärler:

Frits Spelsberg, Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň (Mýunhen) hassahanasynyň umumy hirurgiýa lukmany:

— Men siziň ýurduňyzda ýygy-ýygydan bolýaryn.Bu gezek Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezinde operasiýalara gatnaşdym, türkmen lukmanlary bilen egin-egne berip zähmet çekdim, men olary köp ýyl bäri tanaýaryn. Şu hepdäniň içinde biz köp sanly operasiýa etdik. Şolaryň käbiri Türkmenistanda ilkinji gezek geçirildi.

Siziň lukmançylyk ulgamyňyzyň hem-de türkmen kärdeşlerimiň mümkinçilikleriniň barha artýandygyny uly buýsanç bilen bellemek isleýärin.Döwlet Baştutanynyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda geçirilýän milli saglygy goraýyş ulgamynyň üstünlikli özgerdilmegi netijesinde ulgamda innowasiýa taýdan okgunly ösüş üçin oňat binýat döredildi.

Türkmenistanyň ýokary depginlerde ösüşi, bu ýerde döredilýän ajaýyp şertler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynda hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagynda oňyn beýanyny tapýar.

Matias Kuns, neýrohirurg (Mýunhen):

— Halkara newrologiýa merkezinde türkmen lukmanlary bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga örän şatdyryn.Meniň olar bilen gatnaşyklarym geçen ýyl, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän wagty Aşgabada çagyrylanymda başlandy.

Türkmen neýrohirurgiýasynyň ýeten sepgitleri, lukmançylyk merkeziniň tehnologiýa taýdan oňat enjamlaşdyrylyşy mende uly täsir galdyrdy.Biz bilelikde işleri alyp barýarys, beýniniň, oňurganyň hem-de şikesleriň hirurgiýasy boýunça yzygiderli pikir alyşýarys. Şeýle ýygjam hyzmatdaşlygyň iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamlarynyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine ýardam etjekdigine ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, lukmançylygy innowasiýalar esasynda ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýän Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirýärin.

Folkmar Ýanson, Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň hassahanasynyň ortopediýa bölüminiň müdiri:

— Men indi birnäçe ýyl bäri Aşgabada yzygiderli gelýärin hem-de türkmen hünärmenleri bilen bilelikde halka hyzmat edýändigime örän şatdyryn, häzir geçen ýyl açylan hassahanada işleýärin.Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň ortopediýa bölüminde näsaglary bejerýärin, maslahatlar berýärin, operasiýalara gatnaşýaryn, bu işleriň dowamynda ýygy-ýygydan tejribe alyşýarys.

Türkmen lukmanlarynyň ýokary nazaryýet we amaly taýýarlygy, şeýle hem Germaniýada öndürilen enjamlardan ybarat bolan siziň lukmançylyk merkezleriňiziň berk maddy binýady häzirki wagtda näsaglary bejermekde iň gowy netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Klaus Çaýkowskiý, Bawariýanyň Erlangen — Nýurnberg uniwersitet hassahanasynyň anesteziologiýa bölümi:

— Türkmen lukman kärdeşlerim bilen iň bir döwrebap hassahanalaryň birinde bilelikde işlemek meniň üçin uly hormatdyr, bu hassahana geçen ýyl hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary bilen açyldy.Men Türkmenistana köp geldim, soňky ýyllarda ýurduňyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ägirt uly oňyn ösüşler bar.

Türkmen lukmançylygy uly tejribe toplaýar hem-de ösýär, şunda özümiň goşandyma göz ýetirmek ýakymlydyr.Meniň Aşgabatda bile işleýän lukmanlar toparymyň işi oňat baha berilmegine mynasypdyr.Biz bilelikde çylşyrymly operasiýalaryň birnäçesini geçirdik, şeýle operasiýalar Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýär.

Indi olar türkmen lukmanlarynyň iş tejribesine ornaşar.Bu işlere gatnaşýandygyma buýsanýaryn. Şeýle hem siziň paýtagtyňyzyň barha gözelleşýän keşbine we türkmen halkynyň myhmansöýerligine haýran galýaryn.

Matias Piçman, Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň hassahanasynyň ortopediýa hirurgiýasy bölümi:

— Men Türkmenistana ilkinji gezek geldim.Bu ýerde bolýan wagtym näsaglary kabul etdim, olary bejermäge, ýerli lukmanlar bilen operasiýalara gatnaşdym.Lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşi hem-de hili, Aşgabadyň iň häzirki zaman hassahanalary mende uly täsir galdyrdy.

Pursatdan peýdalanyp, myhmansöýerlik üçin türkmen halkyna hoşallyk bildirýärin.Geljekde hem gatnaşyklaryň dowam etdiriljekdigine ynanýaryn, munuň üçin iň ýokary derejede berk binýat goýuldy.Siziň döwlet Baştutanyňyz ýurduňyz we jemgyýetiňiz üçin örän möhüm bu ulgamda işjeň halkara hyzmatdaşlygynyň zerurdygyna oňat düşünýär, munuň özi lukmançylyk ylmynyň we işiniň, okgunly ösýän ylmy-tehniki ýagdaýlaryň many-mazmuny bilen şertlendirilendir.

Nemes professorlary türkmen kärdeşleriniň hünär derejesiniň ösýändigini, olaryň mundan beýläk-de kämilleşmäge çalyşýandyklaryny uly kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistanda lukmançylygyň şeýle ýokary derejede ösdürilmeginde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduňyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, professor, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly hyzmatynyň bardygy hemmelere mälimdir diýip, german bilermenleri belleýärler. Olar türkmen saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de lukmançylyk ylmynyň ösdürilmegine ileri tutulýan derejede aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyza belent hormat goýýandyklaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

18.09.2018 | Türkmen-german hyzmatdaşlygy: saglygy goraýşa innowasiýalar ornaşdyrylýar
Germaniýaly lukman Klaus Georg Dr.Parhofer Türkmenistanyň iki medalyna mynasyp boldy
Emeli aňa Wawilon ýazgylaryny okamagy öwretdiler
Bäş sany nemes hünärmeni Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglandy
Täze bäş görnüşi tapyldy
20.07.2019 | Türkmen we dünýä lukmançylygynyň gazananlarynyň Aşgabat sergisi