Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň geologlary Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynda täze agyz suw ýataklaryny ýüze çykardylar. Hünärmenleriň pikirine görä, Çopanýap we Çagatýap täze ýataklary Şarlawuk, Dostluk, Ak altyn, Bäşdaş, Agzybirlik we Gumly ilatly nokatlarynyň ýaşaýjylaryny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek meselesini çözmäge kömek eder. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron neşiri habar berýär.
Geologiki gözlegleriň netijesinde hünärmenleriň Köpetdag dag eteklerinde we Balkan düzlüklerinde ýerasty agyz suw çeşmeleriniň bardygy baradaky çaklamalary tassyklanyldy.Balkanabadyň gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň geologlary Serdar etrabynda Çukur süýji suw ýatagyny tapdylar.
Täze çeşme Hojagala, Bendesen, Çukur, Ajydere ilatly nokatlaryny agyz suwy bilen üpjün edip bilýär.Magtymguly etrabynda Arçaly süýji suwunyň täze ýatagynyň tapylmagy Könekesir, Daýna we Çukur obalarynyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün eder.