Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Türkiýäniň Stambul şäherinde halkara energetika forumyny geçirildi. Türkiýäniň Energetika ministrliginiň howandarlygynda Anadolu agentligi tarapyndan guralan foruma türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.
Dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň energetika ministrlerini, halkara guramalaryň wekillerini, alymlary we pudagyň öňdebaryjy liderlerini bir ýere jemlän forum Umumy geljek, umumy maksatlar atly şygar astynda geçirldi.
Anadolu habarlar agentliginiň habar bermegine görä, forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň döwlet ministri — Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew bilen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň arasynda gepleşikler geçirildi.
Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda gyzyklanma bildirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda türkmen tebigy gazynyň Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi boýunça käbir tekliplere garaldy.
Ministr A.Baýraktar Türkmenistandan tebigy gazy Türkiýä we ol ýerden Ýewropa ibermegiň alternatiw ugurlary boýunça pikirini paýlaşdy. Şu babatda Türkiýäniň BOTAŞ we TPAO ýaly iri nebit-gaz kompaniýalarynyň Türkmenistanyň nebit-gaz ýataklarynda durmuşa geçirip biljek bilelikdäki taslamalaryna üns çekildi.
Gepleşikleriň barşynda Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew Türkmenistanyň tebigy serişdelere baý ýurtlaryň biridigini we Türkiýe bilen energetika ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny aýtdy.Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 31-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň arasynda gepleşikler geçirildi. Şol gepleşikleriň dowamynda nygtalmagyna görä, häzirki wagtda türkmen gazynyň doganlyk Türkiýe Respublikasyna, soňra Ýewropa ýurtlaryna iberilmegi möhüm meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň mart aýynda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakyndaky Jarnama hem-de Türkmengaz döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilendigi nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugrular boýunça-da pikir alşyldy.
Ýeri gelende bellesek, dünýäniň energetika pudagynyň öňdebaryjylaryny bir meýdança jemlän forum birnäçe bölümçelerde geçirildi. Türkmenistanyň döwlet ministri — Türkmengaz döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew forumyň Ygtybarly geljek üçin töwekgelçilikler we mümkinçilikler atly ministrler bölümçesinde çykyş etdi.
Şu günler Galkynyş gaz käniniň 265 belgili ulanyş guýusynda birnäçe çuňluklardan tebigy gazyň täze akymynyň alnyp başlanandygyny maglumat hökmünde ýatladýarys. Habar berşimiz ýaly, geçirilen buraw işleriniň netijesinde, Galkynyş gaz käninden bir gije-gündiziň dowamynda 2 million kub metr mawy ýangyjy bermäge ukyby bolan täze gaz akymynyň alynmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.