Türkmen gazyny Azerbaýjana geçirjek turbageçirijiniň gurluşygy tamamlanýar

Türkmen gazyny Azerbaýjana geçirjek turbageçirijiniň gurluşygy tamamlanýar

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň (NIGC) ýolbaşçylary Hazar deňziniň boýunda gurulýan esasy gaz geçiriji taslamanyň tamamlaýjy tapgyrdadygyny mälim etdiler. Bu taslama Eýranyň Türkmenistan bilen alyş-çalyş Şertnamasy boýunça Azerbaýjana gaz ibermek meýilnamasynyň çäginde amala aşyrylýar.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň bölüminiň başlygy Mohammad Reza Joulaýi ýekşenbe güni Raşt-Çelawand turbageçirijisiniň ýakyn günlerde gaz geçirmäge taýýar ediljekdigini aýtdy diýip, PressTV agentligi habar berdi. Şeýle-de ol 150 kilometrlik gaz geçirijiniň Eýranyň Azerbaýjan bilen gaz üpjünçiliginde uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtady.

Raşt-Çelawand gaz geçirijiniň gurluşygyna 2019-njy ýylda girişildi. Bu taslama Eýranyň demirgazygyndaky sowuk sebitlerde gaz geçiriji ulgamy döretmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.

Ýeri gelende bellesek, bu taslama 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjan — Eýran — Türkmenistan üçtaraplaýyn gaz alyş-çalşygy Şertnamasyna gol çekileninden soňra işjeňleşdirildi.Bu Şertnama 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň çäklerinde gol çekilip, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girdi.

Resminama laýyklykda, ýylda 2 milliard kubmetre çenli türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana ugratmak göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Eýran Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygyny 15 milliard kub metre ýetirmegi meýilleşdirýär
Eýranyň Azerbaýjana iberýän gazyny artdyrjak turbageçirijiniň gurluşygy tamamlanýar
YHG Nobatdan Daşary Ýagdaýda Jemlenşer
Fahrettin Altun YHG-na agza ýurtlaryň resmileri bilen ikiçäk duşuşyklar geçirdi
100 sany uçýan taksi sargyt etdi
Gallaçy daýhanlar özleriniň kärende ýerleriniň esassyz ellerinden alynýandygyny aýdýarlar