
Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparlan Baýraktar, sosial mediadan beren habarnamasynda, Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda energetika pudagy boýunça hyzmatdaşlyk edilmegi taýdan taryhy başlangyç edilendigini aýtdy.
Ministr Baýraktar, BOTAŞ bilen Türkmengazyň arasynda, türkmen gazynyň Türkiýä getirilmegi üçin şertnama baglaşandyklaryny nygtap, “Geçen ýylyň mart aýynda Prezidentimiz R. T. Erdogan bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbangulu Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Antalýada gol çekişilen tebigy gaz şertnamasynyň şu gün anyk netijesini gördük.
Şertnamanyň çäginde 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap tebigy gazyň akdyrylmagyna garaşylýar. Birnäçe ýyldan bäri üstünde işlenilýän bu şertnama ýurdumyzyň we sebitimiziň tebigy gaz üpjünçiliginiň howpsuzlygyny güýçlendirmek bilen birlikde iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalanmagyna hem itergi berer” diýdi.