Türkmen-gazak hökümetara toparynyň wekilleri Aşgabatda duşuşdylar

Türkmen-gazak hökümetara toparynyň wekilleri Aşgabatda duşuşdylar

20-nji dekabrda Aşgabatda türkmen tarapyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň we gazak tarapyndan Premýer-ministriň orunbasary R.Sklýaryň bilelikde başlyklyk edýän Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, duşuşyga iki ýurduň birnäçe ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine bar bolan döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şol sanda Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky önjeýli gatnaşyklary has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly bolan meseleleriň giň toplumy girizildi.

Mejlisde toparyň Nur-Sultan we Aşgabat şäherlerinde geçirilen ozalky mejlisleriniň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişiniň depgini hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Nebitgaz we ulag-kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk taraplaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy. Şu nukdaýnazardan, söwda-ykdysady, energetika we ulag-logistika, oba hojalygy, azyk hem-de gaýtadan işleýän senagat ulgamlaryndaky netijeli gatnaşyklaryň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde şeýle-de iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystana sapary başlandy
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen bardy
Gazagystan ýurduň paýtagtynyň öňki Astana adyny dikeltdi
Gazagystanyň paýtagtynyň ady üýtgediler
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Iň köp milletli orkestr