Türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Gazagystanyň ilçisi Askar Täjibaýew bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň gerimi boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem diplomatlar ýokary derejeli saparlarda gazanylan ikitaraplaýyn şertnamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilişine syn berdiler we 2024-nji ýyl üçin türkmen-gazak gatnaşyklarynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, taraplar daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleriň ähmiýetini, şeýle hem ýokary derejeli yzygiderli ikitaraplaýyn saparlary we gatnaşyklary guramagyň zerurdygyny bellediler.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we iki ýurduň parlamentarlarynyň arasynda yzygiderli ýygnaklardyr geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigini bellediler.

ÝHHG, BMG, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýlekiler ýaly abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we özara goldawyň oňyn tejribesi beýan edildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglandy
Mary welaýatynyň Minara-3 meýdançasynda bir gije-gündizki çykymy 1 million kubmetrden gowrak bolan gazyň senagat akymy alyndy
17.05.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi
“Türkmengeologiýa” täze magdan ýatagyny açdy. Bu gezek gaz tapyldy
Täjibaý meýdançasy: kükürtsiz gazyň tebigy ojagy
02.08.2019 | Ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň kuwwaty artýar