
Futzal boýunça Aziýanyň kubogy ― 2024-iň saýlama duşuşyklarynyň geçiriljek seneleri belli boldy.
Bije çekişligiň netijesinde A toparçanyň wekili bolan Türkmenistanyň milli ýygyndysy duşuşyklaryny 7 ― 11-nji oktýabr aralygynda Tailandda geçirer.
Türkmen futzalçylarynyň ilkinji garşydaşy Gonkongyň ýygyndysy bilen bolar. Bu duşuşyk 7-nji oktýabrda geçiriler. Ýakup Öwezowyň şägirtleriniň ikinji tapgyrdaky garşydaşy Hytaýyň ýygyndysy bolar. Bu duşuşyk 9-njy oktýabra bellenildi. Türkmen ýygyndysy toparçadaky üçünji duşuşygyny 11-nji oktýabrda Tailandyň ýygyndysy bilen geçirer.