Türkmen fotožurnalistleri halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen fotožurnalistleri halkara bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmenistanly fotožurnalistler professional fotograflaryň “News Photo Awards. A Changing World” atly halkara bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” internet saýtynda habar berilýär.

Russiýanyň TASS habar gullugy tarapyndan guralýan bu bäsleşik köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işleýän ýa-da hyzmatdaşlyk edýän professional fotožurnalistleriň işlerine baha berer. Guramaçylar bu gezek gatnaşyjylary öz işlerinde dünýädäki bolup geçýän wakalary beýan etmäge çagyrýarlar. Fotožurnalistler ilkinji bolup iň möhüm we gyzykly wakalaryň şaýady bolup, olary surata düşürýärler, häzirki döwrüň pursatlaryny geljek nesillere ýetirýärler.

Dünýäniň öňdebaryjy agentlikleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň tejribeli eminleri bäsleşigiň 4 ugry boýunça ýeňijileri kesgitlärler: habarlar (“News”), adamlar we durmuş (“People & Lifestyle”), saglygy goraýyş (“Нealthcare”) we daşky gurşaw (“Environment”).

Her ugur boýunça iki ýeňiji saýlanar — Iň gowy ýekeleýin fotosurat we iň gowy fotosuratlar tapgyry. Bäsleşigiň baş baýragy mowzugy has aýdyň açyp görkezýän iň gowy fotosurata gowşurylar.

News Photo Awards bäsleşiginiň netijeleri 2022-nji ýylyň mart aýynda yglan ediler. Oňa gatnaşmak üçin resminamalar 2021-nji ýylyň 24-nji dekabryna çenli bäsleşigiň web saýtynda kabul edilýär.

Ilkinji gezek “News Photo Awards” bäsleşigini geçirmek pikiri Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow tarapyndan 2020-nji ýylyň aprelinde TASS bilen geçirilen ýörite söhbetdeşlikde teklip edildi. Şol wagt fotosurat bäsleşiginiň esasy mowzugy koronawirus pandemiýasyny ýeňip geçmek bilen baglydy — “Overcoming COVID-19”.

Bäsleşik dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredip, oňa 84 ýurtdan 4000-den gowrak ýokary hilli fotosuratlar iberildi.Bu döredijilik bäsleşigi fotožurnalistleriň işiniň ähmiýetini ýüze çykarmaga, kyn şertlerde hünär ussatlygyna we kyn durmuş ýagdaýlarynda adatdan daşary “gahrymançylyga” baha bermäge mümkinçilik döretdi.

“News Photo Awards” bäsleşiginiň ýeňijileriniň işleri dogrusynda bellenilende, “Overcoming COVID” tapgyrynyň netijeleri Russiýada geçirilen iri işewürlik we sergi çärelerinde görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Şekilleriň GIF ölçegini dörediji Uilhaýt aradan çykdy
Turkish Airlines dokuzynjy gezek Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýlip ykrar edildi
26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkiýäniň Radio-Telewideniýe Guramasy Sylaglandy
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Times Higher Education Awards Asia 2024-iň sekizligine girdi
Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wizalary bermek üçin arzalaryň kabul edişligini gaýtadan ýola goýdy, Türkmenfilm Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşar, iPhone 14 görnüşleri bilen tanyşlyk