Türkmen filmi XVII Çeboksary halkara film festiwalyna gatnaşýar

Türkmen filmi XVII Çeboksary halkara film festiwalyna gatnaşýar

Türkmenistanda düşürilen Daragt filmi XVII Çeboksary halkara film festiwalynyň bäsleşik maksatnamasynyň çäginde görkeziler.

Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda berilýän habara görä, festiwal 23-nji maýdan 29-njy maý aralygynda Çuwaş Respublikasynyň paýtagtynda geçiriler. Türkmen filminiň festiwal premýerasy 27-nji maýda sagat 17:00-da Wolžskiý kinoteatrynda bolar.

Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň önümi bolan film Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürildi.

XVII Çeboksary halkara film festiwalynda görkeziljek filmleriň hemmesi asyl dilinde görkeziler.

Festiwalyň çäginde döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary we çagalar üçin filmleriň görkezilmegi meýilleşdirýär.

Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Çuwaş döwlet filarmoniýasynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

16-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Daragt halkara kinofestiwalyň baýragyna mynasyp boldy
Şemşat Kasymowa: Teatr we kino goşa ganatym
Kino sungatynyň baýramy
TÜRKMEN KEÇESI
Kipr Parahatçylyk Hereketiniň 48 Ýyllygy Darabaly Ýagdaýda Bellenilip Geçilýär