Türkmen-eýran söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada pikir alşyldy

Türkmen-eýran söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada pikir alşyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow bilen Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy palatasynyň başlygy Samad Hassanzadeniň arasynda Tähranda geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak barada pikir alşyldy. Duşuşykda türkmen-eýran söwda dolanyşygynyň häzirki wagtda ýyllyk 450 million amrikan dollara deňdigi, emma muňa garamazdan, bu mukdary has artdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Hasanzadeniň bellemegine görä, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdany giňeltmek iki ýurduň arasynda goşmaça söwda ulgamynyň döredilmegine baglydyr.

Eýranyň Söwda, senagat, magdan we oba hojalygy palatasynyň başlygy syýahatçylyk pudagynda, hususan-da, saglyk syýahatçylygynda hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçiliklerine ünsi çekdi.

Şeýle-de Eýran ýokary tehnologiýa, senagat, magdançylyk we oba hojalygy pudagynda Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip biler.

Türkmen tarapy hem öz gezeginde Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdany ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ikitaraplaýyn söwdany has-da giňeltmek üçin zerur tagallalary. etmäge taýýardygyny mälim etdi.

Gurdow häzirki wagtda Tähranda bolup geçýän Iran Expo 2024 sergisiniň ýokary derejesini belläp, her ýyl şeýle serginiň Türkmenistanda hem geçirilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatdaky şol sergä eýranly işewürleriň hem gatnaşmaklarynyň ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge hyzmat etjekdigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Eýranyň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Türkmen-eýran işewürler maslahaty
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň mejlisi
Eýranyň Iran Prože atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Eýranyň Söwda palatasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklerini belledi