Türkmen-eýran söwda dolanyşygy 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrylar

Türkmen-eýran söwda dolanyşygy 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrylar

30-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen duşuşdy diýip, Mehrnews habarlar gullugy habar berýär.

Duşuşygyň başynda eýran wekiliýetiniň ýolbaşçysy saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti hem-de nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň geçirilendigini, olarda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň giň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny belledi.

Taraplar ýokary derejeli duşuşyklaryň, hususan-da, Türkmenistan bilen Eýranyň Prezidentleriniň arasyndaky ynanyşykly we netijeli gepleşikleriň ikitaraplaýyn dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti barada nygtadylar.

Duşuşykda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-eýran hökümetara toparynyň işine aýratyn üns berildi. Bu ugurda elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary, nebitgaz ulgamynyň ileri tutulýan ugurlary, suw we ekologiýa ugurlaryndaky, şol sanda suw gorlaryndan bilelikde rejeli peýdalanmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň barşynda Mehrabian iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň 62%-e deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Öz gezeginde Türkmenistanyň daşary işler ministri iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşine ýokary baha berip, bu ugurdaky görkezijini 5 milliard dollara çenli ýokarlandyryp boljakdygyny aýtdy.

Duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşiniň çäklerinde, ýurtlaryň arasynda haryt dolanyşygynyň ösüşiniň oňyn depgini barada aýyldy. Şunuň bilen baglylykda, bar bolan uly mümkinçilikleri geljekde durmuşa geçirmek maksady bilen, taraplar özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň wajypdygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen
Türkmen-eýran işewürler maslahaty
ЗАВЕРШИЛСЯ РАБОЧИЙ ВИЗИТ НАЦИОНАЛЬНОГО ЛИДЕРА ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА В ИСЛАМСКУЮ РЕСПУБЛИКУ ИРАН
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Merkezi Aziýanyň syýasy sahnasynda dolandyryjy maşgalalaryň gyzlary 'ýumşak diplomatiýa' ymtylýarmy?
Türkmenistan Eýrana günlik 10 million kubmetr gaz eksportyny synagdan geçirdi
Özbegistan-Türkmenistan-Eýran geçelgesiniň ösdürilmegi ylalaşyldy