2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň YHG-nyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safari bilen duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň beren habaryna görä, Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda medeni-ynsanperwerlik ugry boýunça özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy beýan edildi.
R.Meredow we M.Safari şeýle-de sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meselelerine hem aýratyn üns berdiler.