Türkmen-eýran nebit däl söwda dolanyşygy 79% artdy

Türkmen-eýran nebit däl söwda dolanyşygy 79% artdy

Eýranyň Türkmenistan bilen nebit däl söwda dolanyşygy geçen ýyl 79% artyp, 299,72 million ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Eýranyň gümrük gullugynyň (IRICA) maglumatlaryna salgylanyp, IRNA agentligi habar berdi.

Eýranyň gümrük gullugynyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl nebit däl söwdanyň agramy 1 million 14 müň tonna deň boldy.

Süýt önümleri, miweler we gök önümler, guradylan miweler, iýmitler, miwe suwlary, konditer önümleri, gurluşyk materiallary, minerallar, ýuwujy serişdeler, arassaçylyk önümleri we kosmetika önümleri, senagat ýaglary, bitum we himiki maddalar, nebit önümleri, her dürli efir ýaglary, pol örtükleri, gara metal önümleri, senagat enjamlary, gap-gaçlar, aşhana enjamlary, egin-eşik, torba we aýakgap, kagyz, matalar, ýüplükler, esbaplar, elektronika we senetçilik önümleri esasy Türkmenistana eksport edilen harytlardyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu gün Eýrana iki günlük saparyna garaşylýar. Tähran bilen Aşgabadyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin käbir resminamalara we özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Rus kömüri Türkmenistanyň üsti bilen Hindistana eltiler
Türkmen-eýran söwda dolnyşygy 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda artdy
Türkmen-eýran söwdasyny gaýtadan 5,5 milliard dollara ýetirmek maslahatlaşyldy
Türkmen-eýran serhedindäki bilelikdäki bazar gaýtadan açyldy
Türkmen-eýran serhediniň Sarahs barlag-goýberiş nokady awtomobil gatnawlary üçin açylar, Türkmenistan awiasiýa, deňiz, demir ýol we guryýer ulaglar parkyny giňelder, şu ýyl 50-den gowrak iri desgalar ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy