Ýurdumyzda Türkmenistanyň we Eýranyň çagalarynyň dostluk hepdeligi geçirildi.Türkmen we eýran halklarynyň dostlukly gatnaşyklary öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Şol gatnaşyklar bu günki gün işjeň häsiýete eýe bolup, şunda Türkmenistanda we Eýranda yzygiderli geçirilýän medeni çäreleriň hem uly orny bar.
Diýarymyzda ilkinji gezek geçirilýän türkmen we eýran çagalarynyň dostluk hepdeligi olaryň üstüni ýetirdi.Bu çäräniň çäklerinde Türkmen döwlet gurjak teatrynyň Gahryman Arkadagymyzyň Enä tagzym mukaddeslige tagzym atly kitabyndaky rowaýatlar esasynda sahnalaşdyran Baky rowaýatlar atly spektakly görkezildi.
Bu dostluk hepdeligi türkmen-eýran medeni gatnaşyklaryna aýratyn öwüşgin berýär.Türkmen-eýran medeni hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde pars edebiýatynyň wekilleriniň döredijiligi öwrenilýär.Iki ýurduň syýahatçylyk pudagyny ösdürmek, bu ugurda iş alyp barýan hünärmenlerimiziň tejribe alyşmaklaryny gazanmak maksady bilen, dürli çäreler guralýar. Çagalaryň dostluk hepdeligine bagyşlanan çäreler toplumy sungata höwesek çagalaryň öz zehinini açyp görkezmeklerinde ähmiýeti uludyr.
Bagtygül GURDOWA, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby. /* custom css */ .td_uid_15_67655e8367b28_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67655e8367b28_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }