Ozal habar berşimiz ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparynyň birinji gününde — 30-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygyndan soňra gepleşikler iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.
Türkmenistan gazetinde habar berlişi ýaly, gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda dünýä giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň barha artýan orny bilen baglylykda, sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary barada pikir alşylyp, nebitgaz, elektroenergetika, ulag, oba hojalygy, söwda, maýa goýum, senagat ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Onda dostlukly we ynanyşykly ýagdaýda geçen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, parlamentara, söwda, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ähli ugurlary boýunça pikir alşylandygy nygtalýar.
Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we EYR-nyň Prezidenti metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.