Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň guramagynda çarşenbe güni türkmen-eýran döwlet serhedinde ýerleşýän Artyk-Lüftabat gözegçilik geçiriş ýerinde iki ýurduň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň iş duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine we gümrük işleriniň ýönekeýleşdirilmegine gönükdirilen başlangyçlary we teklipleri beýan etdiler.
Duşuşygyň dowamynda Eýran tarapynyň başlangyçlary boýunça awtoulag serişdeleriniň ýurda gelmegi we üstaşyr geçirilmegi üçin bellenen tölegleriň möçberlerini sazlaşdyrmak, iki tarapyň serhetdäki gümrük nokatlarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklaryny yzygierli guramak ýaly işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada “Watan habarlary” gepleşigi güni habar berdi.
Şeýle-de gözegçilik geçiriş ýerleriniň iş wagtlaryny haryt akymyna görä sazlamak, awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň TIR ulgamyny ornaşdyrmak, ygtyýarly ykdysady operatorlaryň işini ýola goýmak we gümrük işgärleriniň hünär kämilleşdirmek boýunça bilelikde okuw çärelerini guramak işlerine garaldy.
Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň döwlet serhedinde ýerleşýän Artyk gümrük nokadynyň zyýansyzlandyryş desgalary, awtoulaglaryň rentgen barlag enjamlary, awtoulaglaryň barlag nokatlary, harytlaryň we ulag serişdeleriniň barlagynda ulanylýan enjamlar, gümrük kadalarynyň bozulmalaryna garşy göreşde alnyp barylýan işler bilen Eýran tarapy ýakyndan tanyşdyryldy.
Mundan başga-da, taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda özara söwda boýunça daşalýan harytlaryň bahalary barada döwürleýin maglumat alyşmagy ýola goýmagy, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşalýan harytlar üçin TIR kitapçasyny ulanmaga girişilmegi boýunça işleriň amala aşyrylmagyny maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň netijesi boýunça bilelikdäki çäreleriň meýilnamasynyň işlenilip taýýarlanmagy we onuň diplomatik ýollar arkaly ylalaşylmagy bilen işleri meýilnamalaýyn alyp barmak bellenildi.