
3-nji dekabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 28-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde ýokarky derejede ozalky geçirilen çäreleriň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda ýangyç-energetika we senagat toplumynda, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredildi.
Diplomatlar sebitleriň arasyndaky we medeni-ynsanperwer ulgamdaky işleri artdyrmak boýunça pikir alyşdylar.
Şeýle-de taraplar sebit we halkara gün-tertibiniň möhüm meseleleri barada maslahatlaşdylar.