Türkmen-eýran gatnaşyklary pugtalanýar

30-31-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynda iş saparynda boldy.

30-njy maýda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Syýasy maksadalaýyklyk geňeşiniň Başlygy Sadek Amoli Larijani we Eýran Yslam Respublikasynyň Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammed Bager Galibaf bilen duşuşdy.

Soňra Saadabad toplumynyň Jumhuri köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda döwletara syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejä çykarylandygyny bellediler.Iki döwletiň Baştutanlarynyň özara saparlary we olaryň çäklerinde geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler, hususan-da, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji ýubileý sammitine hem-de 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda altynjy Hazar sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana amala aşyran iş saparlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 14-15-nji iýunynda Eýrana amala aşyran ilkinji resmi sapary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu özara saparlar hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly itergi berip, türkmen-eýran dost-doganlyk gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berdi.

Taraplar halkara düzümleriň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Ýurtlarymyzyň dünýä ösüşiniň möhüm meseleleri boýunça birek-biregiň başlangyçlaryny we tekliplerini goldaýandygy aýratyn bellenildi. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy halkara derejede has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegiň zerurdygyny belledi.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda çykyş edýän söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy.Söhbetdeşler bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, gaz, elektroenergetika, ulag, suw pudaklaryny geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurlarda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi

Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň dowamynda häzirki wagtda dünýä giňişliginde bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň barha artýan orny bilen baglylykda, sebit gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýylsaýyn artýan gyzyklanmanyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleriniň birine, hususan-da, sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek meselesine aýratyn üns berilýär.

Türkmenistan Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy gorap saklamak, goňşy Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça başlangyçlary öňe sürüp, olary amala aşyrmak boýunça anyk işleri alyp barýar. Hususan-da, Owganystanyň gatnaşmagynda energetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly ugurlarda sebit we halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmegine badalga berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýran Yslam Respublikasynyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmek ugrunda amala aşyrýan demir ýol gurluşygynyň uly ähmiýetini nygtap, infrastruktura taslamalarynyň diňe bir owgan tarapy üçin däl, eýsem, tutuş sebit üçin hem maýa goýum boljakdygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde goňşy döwletlere aýratyn orun degişlidigini nygtap, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň hem Eýranyň gatnaşyklarynda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meselelere möhüm orun berilýär.Häzirki wagtda sebitde bolup geçýän geosyýasy ýagdaýlar sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmakda bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmegini talap edýär.Taraplar sebitiň döwlet Baştutanlarynyň 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň netijeleri boýunça gazanylan anyk ylalaşyklaryň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar basseýniniň diňe bir syýasy däl, eýsem, ykdysady nukdaýnazardan hem ähmiýeti nygtaldy we bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin strategik mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar haryt dolanyşygynyň artýandygyny bellediler.Muňa mysal hökmünde käbir görkezijiler getirildi. Şonuň bilen birlikde, bar bolan kuwwatlyklary hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri doly herekete getirmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazyň eksport edilmegine we üstaşyr geçirilmegine, eksportyň we importyň artdyrylmagyna üns çekildi, ulag, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleriniň çözgüdini işjeňleşdirmek teklip edildi.

Gaz alyşmak boýunça ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Taraplar bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Elektroenergetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurdy birleşdirjek MaryMaşat elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigi barada aýdyldy.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Eýran ulag ugurlarynyň çatrygynda ýerleşýär.

Munuň özi bu pudakda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de ýük gatnawlaryny artdyrmak üçin uly mümkinçilikleri açýar.Türkmen halkynyň Milli Lideri birnäçe anyk teklipleri, şol sanda GazagystanTürkmenistanEýran demir ýolunyň, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň hem-de Hazar deňzindäki Eýranyň portlarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak meselelerine degişli başlangyçlary beýan etdi.

Oba hojalygy hem döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.Taraplar bu ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň köp ýyllaryň dowamynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmalydygyny nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, söwda, maýa goýum, senagat ýaly ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygy we bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mehanizmleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Bu işde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-eýran toparyna aýratyn orun degişlidir.

Taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, Türkmenistanyň hem-de Eýranyň bu ulgamdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda, sport, ekologiýa ugurlarynda, iki ýurduň welaýatlarynyň derejesinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden belleniljekdigini nygtap, bu şanly sene mynasybetli eýranly dostlar bilen döredijilik forumlarynyň guraljakdygyna ynam bildirdi.

Ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi

Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Gol çekilen resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministrliginiň arasynda elektroenergetika babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda Maksatnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi boýunça bilelikdäki çäreleriň 2023-2024-nji ýyllar üçin Maksatnamasy; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Maşat Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Gürgen Oba hojalyk ylymlary we tebigy serişdeler uniwersitetiniň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.Jarnamada dostlukly we ynanyşykly ýagdaýda geçen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda syýasy, parlamentara, söwda, ulag, energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň ähli ugurlary boýunça pikir alşylandygy nygtalýar.

Resminamada bellenilişi ýaly, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nazara almak bilen, iki tarapyň hem gyzyklanma bildirýän ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygy bellenildi.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri we EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Agşam Saadabad toplumynyň Hafeziýe köşgünde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan resmi agşamlyk nahary berildi.

Mapna Group senagat toplumy bilen tanyşlyk

31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri onlarça kompaniýany özünde jemleýän Eýranyň Mapna Group senagat toplumynyň işi bilen tanyşdy.

Bu ýerde energetika desgalarynyň taslamalaryny düzmek we olary gurmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, nebitgaz, demir ýol hem-de beýleki senagat taslamalaryny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek, şol sanda ugurdaş düzümleri, esasy we kömekçi enjamlary gaz we bug turbinalaryny, elektrik energiýasyny işläp çykarmak üçin utgaşykly enjamlary öndürmek, suwy arassalamak, demir ýol otlularynyň düzümi üçin lokomotiwleri we beýlekileri öndürmek işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, kompaniýalar topary ulag ulgamlaryny ulanmak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek işlerine ýöriteleşdirilendir. Şeýle-de, ol bu ulgamlary elektrikleşdirmek işleri bilen meşgullanýar.Elektromobilleriň önümçiligi üçin düzümleri ösdürmek hem-de olar üçin energiýa beriji stansiýalary gurmak bu holdingiň ulag ulgamynda alyp barýan işleriniň ýene bir ugrudyr.

Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu senagat toplumynyň önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Hususan-da, bu ýerde enjamlaryň dürli görnüşleriniň nusgalary, akylly öýleriň, demir ýol düzümleriniň, awtomobilleriň we beýlekileriň nusgalary görkezildi.

Beýik ruhy lider bilen duşuşyk

Şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideri Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda köpýyllyk türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň köpugurly we işjeň häsiýeti nygtaldy. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolan Eýran bilen doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Türkmenistanda uly ähmiýet berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda döwletleri hem-de olaryň halklaryny hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň birleşdirýändigine üns çekildi. Üýtgewsiz erk-islege daýanýan gatnaşyklar özara ynanyşykly, deňhukukly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki duşuşygyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigine hem-de oňa täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
Türkmenistan — Eýran: köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň ýoly bilen
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýranyň Prezidenti hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar
Türkmen-eýran medeni dostlugy
Türkmen-eýran eksport-importynyň mukdary 1 million tonnadan geçdi
Türkmen-eýran söwda dolanyşygy 5 milliard dollara çenli ýokarlandyrylar