Türkmen-eýran dokumentleriniň toplumyna gol çekildi

27-nji martda, ýokary derejede geçirilen türkmen-eýran gepleşikleriniň jemleri boýunça ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2018 — 2020-nji ýyllarda medeniýet, sungat, ylym we bilim babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Söwda hyzmatdaşlygy barada Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Senagat, magdanlar we söwda ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyş-çalyş etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Bilelikdäki Türkmen-Eýran işewürler geňeşini döretmek hakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Söwda, senagat, magdanlar we oba hojalyk edarasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Sertifikatlaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenstandartlary baş döwlet gullugy bilen Eýranyň standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenstandartlary baş döwlet gullugy bilen Eýranyň standartlar we senagat barlaglary institutynyň arasyndaky özara düşünişmek hakynda Ähtnamany ýerine ýetirmek boýunça Meýilnama;

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Oba hojalyk Jihad ministrliginiň arasynda oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Sport we ýaşlar ministrliginiň arasynda sport babatda 2018 — 2019-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna; Türkmenhowaýollary gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Raýat awiasiýasy guramasynyň arasynda howa ulagy boýunça özara düşünişmek barada Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Syýasy we halkara barlaglar institutynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama; Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty (Türkmenistan) bilen Maşadyň Ferdöwsi adyndaky uniwersitetiniň (Eýran Yslam Respublikasy) arasynda ylym-bilim babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.

EYR-nyň Prezidentiniň ýurdumyza resmi saparynyň netijeleri boýunça Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

27.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Hasan Ruhaniniň arasyndaky gepleşikler
Gündogaryň beýik şahyry
05.11.2019 | Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär
Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär
Kitap ruhy baýlygyň çeşmesi
Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy