Türkmen-ermeni hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-24-nji awgustynda Ermenistan Respublikasyna amala aşyran hem-de uly üstünliklere eýe bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegine uly itergi berdi.

Saparyň çäklerinde ylalaşyklaryň giň toplumyna gol çekildi, ol hem iki dostlukly ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 25 ýyl dolýar. Çärýek asyryň dowamynda türkmen-ermeni hyzmatdaşlygy özara düşünişmek, bähbitlilik hem-de birek-birege hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Diplomatik gatnaşyklaryň 25-nji ýylynda milli Liderimiziň Ermenistan Respublikasyna amala aşyran sapary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hil taýdan täze derejelere çykarmaga giň mümkinçilik berdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan tarapyndan döwlet Baştutanynyň kabulhanasynyň öňündäki meýdançada resmi dabara bilen garşylandy.Dabara tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Liderleriniň ýokary derejede ikiçäk duşuşygy geçirildi.

Prezident Serž Sargsýan hormatly Prezidentimiz bilen şu duşuşygyň iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ähmiýetli wakadygyny belläp, öz ýurdunyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek ugruna ygrarlydygyny aýtdy.Milli Liderimiz mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin ermeni kärdeşine minnetdarlyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetine eýedigini kanagatlanma bilen belledi.Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda dostlukly döwletleriň Liderleri türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda netijeli gatnaşyklaryň strategiýasyny işläp taýýarlamaga çemeleşmelerini anyklaşdyrdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýollary barada aýdyp, häzirki döwürde olary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak üçin has oňaýly şertleriň bardygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şonuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly arkaly ösdürmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, iki ýurduň telekeçilik toparlarynyň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin bar bolan mümkinçiliklere garaldy.Duşuşygyň barşynda Prezidentler sebit hem-de halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler döwletleriň ikisiniň hem dünýäde howpsuz we durnukly ösüş üçin şertleri döretmäge saldamly goşant goşýandygyny belläp, bu ugurda, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyk etmegiň möhümdigini aýtdylar.Ikiçäk gepleşikler tamamlanandan soň, iki dostlukly ýurduň Liderleriniň gatnaşmagynda gepleşikler giňişleýin düzümde dowam etdi.

Giňişleýin düzümdäki gepleşiklerde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynda, däp bolşy ýaly, aýratyn orun eýeleýän söwda-ykdysady gatnaşyklar barada durup geçip, taraplar bu ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini tassykladylar.

Energetika, ulag, dokma senagaty, maliýe-bank ulgamy, obasenagat toplumy, saglygy goraýyş ýaly ulgamlardaky gatnaşyklar ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlendi.Iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama hem-de howa gatnawlary hakynda hökümetara Ylalaşygyna laýyklykda, Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawlaryny açmak we soňra üçünji ýurtlaryň ugry boýunça gatnawlaryň çägini giňeltmek baradaky mesele gepleşikleriň esasy böleginiň biri boldy.Işewür toparlaryň arasyndaky göni gatnaşyklaryň ösdürilmegi geljegi uly ugur hökmünde görkezildi. Şeýle hem taraplar Ýerewanda Türkmenistanyň Söwda öýüni we degişlilikde Aşgabatda Ermenistanyň Söwda öýüni açmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak barada aýtdylar. Şeýle hem sport ulgamynda netijeli gatnaşyklary dowam etdirmäge bolan gyzyklanmalar we iki ýurduň milli kino sungatynyň iň gowy eserlerini görkezmek däplerini dikeltmegiň zerurdygy bellenildi.

Gepleşikleriň barşynda şu ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljekdigi bellenildi.Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Prezident Serž Sargsýany bu oýunlaryň 17-nji sentýabrda geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelmäge çagyrdy.

Giňişleýin düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.Iki döwletiň Liderleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy instituty bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň A.Nazarow adyndaky Geofizika we inžener seýsmologiýasy institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyga; Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik mekdebiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen Ermenistan Respublikasynyň Merkezi bankynyň Maliýe gözegçiligi merkeziniň arasynda Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, şonuň bilen baglanyşykly predikat jenaýatlara we terrorçylygy maliýeleşdirmek bilen bagly maliýe aňtawçylyk maglumatlary alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga; Sport babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Ermenistan Respublikasynyň Sport we ýaşlaryň işleri boýunça ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2018-2019-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ermenistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2018-2020-nji ýyllarda medeniýet we sungat babatda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýan Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, Türkmenistanyň we Ermenistanyň Prezidentleri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ýokary derejedäki türkmen-ermeni gepleşiklere kanagatlanma bildirip, onuň çäklerinde gol çekilen ylalaşyklaryň özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýakyndan ýardam berjekdigini belläp geçdiler.

Metbugat ýygnagynda bellenip geçilişi ýaly, 24-nji awgustda ýokary derejedäki türkmen-ermeni gepleşikleriň geçirilmeginiň çuň manysy bar. 1993-nji ýylda hut şol gün Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama gol çekildi.Milli Liderimiz Ýerewandaky resmi saparynyň çäklerinde Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň binasyna baryp gördi we bu ýerde dostlukly ýurduň ýokary kanun çykaryjylyk edarasynyň Başlygy Ara Babloýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda döwlet Baştutanymyz we Ermenistanyň Milli Ýygnagynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýdyp, iki döwletiň we halklaryň dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýan bilen duşuşygy boldy.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri häzirki taryhy döwürde iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň biri boldy.Bu babatda netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi.Agşam döwlet Baştutanymyz Ermenistanyň Prezidentiniň kabulhanasyna tarap ugrady. Şol ýerde belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna resmi agşamlyk nahary berildi.

Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.Resmi agşamlyk nahary tamamlanandan soň, iki dostlukly ýurduň Liderleri Ýerewan şäheriniň halkara howa menziline ugradylar. Şol ýerde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Serž Sargsýan ýene-de duşuşygyň netijelerine kanagatlanma bildirip, mähirli hoşlaşdylar.

Soňra döwlet Baştutanymyz Watanymyza dolanyp geldi.

Ýene degişli makalalar

24.08.2017 | Türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň hukuk binýady giňeldildi
Berdimuhamedowyň Ermenistanyň premýer-ministri saýlanmagy bilen gutlan Sargsýany işden çekildi
21.04.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady
Azerbajýan DIM-niň başlygy türkmen kärdeşine Garabag meselesindäki goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi